Hormatly InAshgabat saýtymyzyň okaýjylar, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýylygy we Halkara maýyplar güni mynasybetli TKKJ-niň görüş taýdan maýyp agzalarynyň arasynda geçirilýän edebiýat we döredijilik işleri boýunça bäsleşigi geçdi.
Şu gün Bäsleşikde höweslendiriji oruna mynasyp bolan Görüş taýdan I topar maýyp Gurbanmyrat Satlykowyň goşgylary Siziň dykkatyňyza hödürlemegi dowam edýäris:
Jemgyýet
Öz saýaňa alyp howandar bolup
Bize ýagty nuryň saçdyň jemgyýet
Sen öýden çykaryp ak ýola salyp
Bize aýdyň ýoluň açdyň jemgyýet
.
Bagtyýar biz bagtly biz sen bilen
Ruhumyzy dikeldip goşduň sen ile
Ykbalym durmuşym öwrüllip güle
Öz araňa alyp goşduň jemgyýet
.
Okadan, öwreden bilimiň aldyk
Şükür Alla ynha hünärli bolduk
Bu gün gutlap şanly toýuňa geldik
Ganat baglap göge uçduň jemgyýet
.
Biziň üçin sen köp işler bitirdiň
Kyn günlerde göwnümizi göterdiň
Niçe arzuw maksatlara ýetirdiň
Bize ýol görkezýän başsyň jemgyýet
.
Segsen bäş ýyl dolup döräliň bäri
Agzalaryň göwni hoş belentdir seri
Agzybir jem bolup gutlanda bary
Derýa kimin ýene joşduň jemgyýet
.
Niçeleriň köňüllerini şat edip
Gaýgy gamy sen aýyrdyň ýok edip
Gurbanmyrat tüýs ýürekden ýat edip
Taryh edip goşgy goşdym jemgyýet
.
Gurbanmyrat SATLYKOW,
Görüş taýdan I topar maýyp
Balkanabatş. Kw-92, jaý-3, öý-6.
Teswirler