Aşgabat şäherinde türkmen elektronika dükany açyldy

Aýdyň Gijeler HJ-nyň ilkinji resmi elektronika dükany paýtagtymyzda raýatlaryň hyzmatyna açyldy. Bu barada  WATAN HABARLARY gepleşiginde agzaldy diýip Arzuw.news habar portaly belläp geçýär.

Dükanda satuwda müşderiler üçin jübi telefolary, kompýuter enjamlary, telewizorlar, wi-fi paýlaýjy enjamlar we beýleki ýokary  hilli milli elektronika önümleri tapmak bolýar.

Watan Habarlary gepleşiginde habar berilmegine görä, ilkinji milli smartfon “Milli” tanyşdyryldy. Onuň esasy 4 kamerasy bolmagy üns çekýär. “Şowly” milli kompýuteri bolsa Windows 10 operatiw ulgam bilen gurnlypdyr. Bu dükanyň açylmagy bolsa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabat gelýär.

Maýa ÝAKŞYMYRADOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok