Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli 1 — 12-nji dekabr aralygynda geçirilen halkara sergide ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler görkezildi. Eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak bilen obasenagat toplumyny ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.
Ýurdumyzda ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk, şeýle hem seçgiçilik, tohumçylyk işleri ýaly pudaklary we beýlekileri işjeň ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny we topragyň önümliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ekerançylyk ýerleriniň suwlulandyrylmagyna we melioratiw taýdan gowulandyrylmagyna aýratyn üns berýär.
Sergide oba hojalygynda gazanylan üstünlikler, daýhanlarymyzyň ýetişdiren gök-bakja ekinleriniň, azyk harytlarynyň, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen satyn alnan kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň görkezilmegi toplumda alnyp barylýan işleriň has-da rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň seçgiçileri ekerançylyk meýdanlarynda ornaşdyrylan dürli oba hojalyk ekinleriniň onlarça ýokary hasylly görnüşlerini, şol sanda bugdaýyň «Bagtyýarlyk» we «Döwletli» görnüşlerini döretdiler. 2019-njy ýylda döwlet sort synagyna hil taýdan oňyn netijeleri görkezen güýzlük bugdaýyň täze «Galkynyş» we «Rowaçlyk» ýumşak görnüşleri tabşyryldy. Olar hili boýunça oňat netijelere eýedir. Gowaçanyň ýerli seçgiçilerimiz tarapyndan döredilen täze görnüşleri hem tebigy-howa şertlerinde oňat gögerijiligi, ýokary hasyllylygy, berkligi, süýüminiň uzynlygy we arassalygy bilen tapawutlanýarlar.
Şatlyk Çaryýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler