Hormatly InAshgabat saýtymyzyň okaýjylar, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýylygy we Halkara maýyplar güni mynasybetli TKKJ-niň görüş taýdan maýyp agzalarynyň arasynda geçirilýän edebiýat we döredijilik işleri boýunça bäsleşigi geçdi.
Şu gün Bäsleşikde höweslendiriji oruna mynasyp bolan Görüş taýdan I topar maýyp Gurbanmyrat Satlykowyň goşgysyny Siziň dykkatyňyza hödürleýäris:
.
Bitaraplygyň 25 ýyllygyna
Ata-babaň arzuw edip isläni
Asuda arassa dury asmany
Parahatlyk ýüreginde besläni
Bitaraplygyň mekany sen Watanym
Günsaýyn özgerýän Türkmenistanym
.
Bitaraplyk bu gün dünýä ýaň salýar
At-abraýyň barha belende galýar
Türkmen adyň bütin äleme dolýar
Bitaraplygyň mekany sen Watanym
Günsaýyn özgerýän Türkmenistanym.
.
Garaşsyzlyk günün dünýä jar eden
Bitaraplyk syýasatyn ýöreden
Parahatlyk üçin merkez döreden
Bitaraplygyň mekany sen Watanym
Günsaýyn özgerýäň Türkmenistanym.
.
Paýtagtym Aşgabat dünýä nur saçýar
Arkadag çar ýana giňden ýol açýar
Göwnümiz galkynyp asmana uçýar
Bitaraplygyň mekany sen Watanym
Günsaýyn özgerýän Türkmenistanym
.
Goşulmaýaň hiç bir dawa jenjele
Halkymyz ýetendir, beýik menzile
Sen öwrülip sebitleýin merkeze
Bitaraplygyň mekany sen Watanym
Günsaýyn özgerýän Türkmenistanym
.
Goý ýene güllesin güneşli Diýar
Agzybir halkymyz bolsun bagtyýar
Gurbanmyrat joşup waspyňy edýär
Bitaraplygyň mekany sen Watanym
Günsaýyn özgerýän Türkmenistanym!
.
Gurbanmyrat SATLYKOW
Görüş taýdan I topar maýyp
Balkanabatş. Kw-92, jaý-3, öý-6.
Teswirler