Mary şäherinde täze jaýlara göçülip baryldy

Mary şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Mary welaýatynyň merkeziniň Gorkut ata köçesiniň ugrunda gurulyp ulanmaga berlen dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 3-sinde 88 maşgala niýetlenen öýler bar.

Mary şäheriniň jemagat abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň gurluşykçylary ajaýyp gurnamalary we bezeg serişdelerini işjeň peýdalandylar. Bu ýerde has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Iki we üç otagly öýlerde giň eýwanlar, maşgalalaryň amatly ýaşaýşyny üpjün edýän şertleri bolan otaglar bar. Täze desgalar merkezleşdirilen ýylylyk, energiýa, gaz we suw üpjünçilik ulgamy bilen enjamlaşdyryldy.

Ýagty otaglar, milli äheňdäki bezegler, ajaýyp mebeller täze jaýlara göçüp gelenleriň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Jaýlaryň gurluşygynda ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleri peýdalanyldy.

Enejan BOPPYÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok