Şu ýyl ilkinji gezek, Daşoguz welaýatynda soganyň gyşky gornüşi ekildi.
Ekmek üçin müň gektar ýer bölünip berildi. Onuň 500 gektary S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň “Nowbahar” daýhan birleşiginde we 400 gektary “N.Andalyp” we “Şabat” daýhan birleşiginde we bölünip berlen ýeriň galany bolsa, Gurbansoltan eje etrabynyň birnäçe hususy ýerlerine ekildi.
Ekiş üçin ýörite gyşyň ýokary çydamlylygy we kesellere garşylygy bilen tapawutlanýan şeýle-de sebitiň topragyna we howa şertlerine uýgunlaşdyrylan görnüşler saýlandy.
Atajan Eýýupow,
žurnalist.
Teswirler