Sanly bilim – sanly tehnologiýa

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ýagny 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” mysal getirmek bolar. Şeýlelikde ýurtda sanly tehnologiýalaryň, sanly programmalaryň, internet serişdeleriniň has ösen görnüşleriniň ýüze çykmagy netijesinde sanly bilim ulgamynyň tutýan orny uludyr. Ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem-de orta hünär okuw mekdeplerinde, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmen ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy.

Şeýlelik-de, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek hem-de iňlis dilini suwara bilmek wezipesi öňe çykarylýar. Kompýuter hem-de innawasion ulgamlarynda, programma üpjünçiliginiň ähli ugurlarynda kompýuterleşdirmegiň halkara dili bolan iňlis dilini talap edýär. Bu bolsa dil baýlygyny artdyrmaga uly höwes döredýär.

Bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideoaudimatriallar, okuw gollanma görkezme esbaplary, interaktiw-multimedia programmalary, saýtlar, bilim portaly, maglumat elektron kitapçalary döredilýär.

Biziň Aşgabat şäherimizdäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebimiz hem bu konsepsiýany durmuşa geçirmek üçin uly işler alnyp barylýar. Şanly Bitaraplygymyzyň XXV ýyllyk toýy mynasybetli türkmen halkymyzy hem-de Hormatly Arkadagymyzy tüýs ýüregimizden gutlaýarys.

Ahmet GURBANOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň kompýuter mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok