BITARAPLYK BAKY BAGTYMYZ

Toýlary toýlara ulaşýan türkmen halky Hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty esasynda belent sepgitlere ýetdi. Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez bolup hyzmat edýän ýurdumyzyň her bir güni ýazlara, aýdym-sazlara beslenýär. Bitaraplyk – derejesine eýe bolan, ata Watanymyzyň ýer ýüzündäki at-abraýy bimöçberdir. Ählimiziň bilşimiz ýaly, şu ýyl Hormatly Arkadagymyz tarapyndan ykrar edilen 2020-nji ýyly ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ diýlip yglan edildi. Hak nazary düşen BMG-sy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistan döwletimizi Bitaraplyk statusy bilen ýer ýüzüne tanadan Hakdan halatly, Pygamber sahabatly Arkadagymyzyň bitirýän il-ýurt bähbitli işleri sanardan kändir. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdan türkmen halkymyzyň geçmişi düýni, şuglaly şu güni, ýagty gelejegi, ertiri bar.

Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Görogly beg türkmen ýaly mert pederli ärleriň kowmundan pata alan, pähim-parasady bilen, halkyny gün kibi çoýýan Arkadagymyza bolan buýsanç, guwanç dillerimizde dessandyr. Jennet mekanymyzyň waspyny ýetirýän bagşy-sazandalarymyzyň şirwan perdelerini saýradyp çalýan şirin owazlary, belentden-belent ýaňlanýan aýdymlary, bütin dünýä meşhur bolan bedewdir, halysy Watanymyzyň ösüşlerine, özgerişlerine badalgadyr. Ine, ýene sanalgyja wagtdan Bitaraplyk baýramynyň ýyllygy ýetip gelýär. Muňa her birimiz Watanymyzyň berk binýadyny, sarsmaz guran, eýýamymyzyň, akyldary Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Milli Lidermiziň yhlasy bilen,
Öňe barýar, bagta sary illerim.
Dünýäň çar künjünde baýdagyň parlap,
Dowamy geljege uzar ýollarym.

Hak  oglunyň  saýasynda   saýalap,
Agzybir,   şadyýan   toýy  toýlalyň. 
Bitaraplyk  Watanmyzyň   şanyna,
Şat durmuşda erkin ýaşap ýaýnalyň.

Hudaýberdiýew AÝMYRAT,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok