“Ähli kişi öwrenmäge ukyply” diýen pikirden ugur alynyp geçirilen tejribeler bu ukybyň derejesiniň we häsiýetiniň dürli bolup bilýändigini görkezdi. Şonuň esasynda, her bir adamyň islendik informasiýany kabul etmek we ýatda saklamak ýolunyň beýlekileriňkiden tapawutlanýandygy subut edildi. Tejribeler esasynda Dunn&Dunn öwrenme stilleriň bilim ulgamy üçin örän peýdaly açyşdygy makullanyldy.
Dr. Rita Dunn we Dr. Kenneth Dunn tarapyndan 1967-nji ýylda orta goýulan Dunn&Dunn öwrenme stili 3 sany öwreniş ýolunyň bardygygyny aýdýar:
- Görmek arkaly öwrenmek stili.
Görüp, tejribe geçirip we okap öwrenmegiň has täsirli hasaplanýan görnüşi. Maketlar, reňkli kompozisiýalar we şuňa meňzeş zatlar bu stile ýukgyn adamlara uly kömek berýärler.
Bu adamlaryň aýratynlyklary:
Görüp öwrenýänleri olaryň beden dilinden hem tanap bolýar. Bir zadyň pikirini edenlerinde ýokary seredýärler. Geýim we görnüşleri bilen hem üns ýekýärler. Olar geýim-gejimine üns berýän kişilerdir. Tertipsiz ýerleri halamazlar.
Muny 1-nji synpda okaýan çagalaryň hereketindenem syn edip bolýar. Mesele, okuw esbaplary elmydama tertiplidir we sapak wagty partasynyň üstüni hep tertipli saklaýarlar.
- Eşitmek arkaly öwrenmek stili.
Diňläp, gerek ýerlerinde jedelleşip, soraglary gutarmaýan adamlar eşidip öwrenme, stiliniň wekilleridir. Seminarlar, konferensiýalar, ses ýazgylary we aýdymlar bu häsiýetli adamlaryp esasy öwreniň materiallarydyr.
Bu adamlaryň aýratynlyklary:
Adamlar bilen aragatnaşykda eşidip öwrenýänler görüp öwrenýänlerden has üstündir. Okuw okanlarynda ýanlarynda ýene biriniň bolmagy olar üçin zerurdyr. Çünki olar söhbet edip, jedel edip öwrenmelidirler. Pikir edenlerinde elmydama ýanyndakyň ýüzüne bakarlar.
- Kinestetik owrenijilik stili
Ýerine ýetirip, elläp ýa-da hadysa gatnaşyp öwrenýänlere kinestetik öwreniijiler diýilýär. Olar tejribe geçirmekde, proýekt düzmekde, enjam ýasamakda has üstündirler. Energiýalary hiç gutarmaz we elmydama hereketde bolarlar bolarlar. Wagtal-wagtal giperaktiw alamatlary görkezerler. Kinestetik çagalaryň energiýalary dogry ýere gönükdirilmesi wajypdyr. Olar üçin elmydama bir zatlar bilen meşgul bolmak möhümdir.
Maksat GURBANMÄMMEDOW
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby.
Teswirler