Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde, oba hojalyk pudagy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň hasabyna oba hojalyk toplumy tehniki taýdan enjamlaşdyrylýar, önümçilige öňdebaryjy agrotehnologiýalar we ylmy işläp düzmeler bilen ornaşdyrylýar. Şol sanda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän ýylynda sahawatly türkmen topragynda gazanylýan birnäçe üstünlikleri ýurdumyzda daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi, olaryň ýokary hasyl ösdürip ýetişdirmegi üçin döwletimiz tarapyndan giň gerimli goldawyň berilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar.
Milli Liderimiziň oba hojalygyny ösdürmek barada alyp barýan parasatly ýörelgeleri netijesinde, ýurdumyzyň daýhanlarynyň çekýän halal zähmetleriniň netijesinde, bereketli türkmen topragynda ýokary hilli we dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirip we olary gaýtadan işläp, döwletimizde azyk bolçulygyny döretmekde bähbitli işleri alyp barýarlar. Şeýlelikde, oba hojalyk pudagyndan gazanylýan üstünlikler esasynda, ýurdumyzyň ilatyny ýylyň ähli paslynda hem, gök we ter miwe, bakja, sitrus önümleri bilen üpjün etmek boýunça düýpli taslamalar durmuşa geçirilýär. Bulardan başga-da, miweli baglar we üzüm agaçlary idedilip, olardan ýokary hasylly saýlama görnüşli miweler öndürilýär we ýurdumyzyň içerki bazarlary miwe önümleri bilen doly üpjün edilýär. Ýurdumyzda gaýtadan işleýän kärhanalaryň sany barha artýar, şolarda miweler kakadylýar hem-de senagat derejesinde miwe şireleri öndürilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz-tagallalary netijesinde, eziz halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi we bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin beýik başlangyçlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Mergenow KAKAMYRAT,
Teswirler