«Lego» kompaniýasy «Technic» kubikleriniň bir millionyndan hakyky «Bugatti Chiron» superkaryny ýasady. Döredijilik topary bu superkary Italiýadaky Gran-Pride görkezmek maksady bilen ýasady. «Lego»-nyň wekiliniň aýtmagyna görä, awtoulagy gurmak üçin 13 500 sagat gerek boldy. Taslamasy geçen ýylyň iýunynda işlenen awtoulagyň gurluşygy 2018-nji ýylyň martynda başlady. Ol tutuşlygyna «Lego» hem däl. Onuň esasy göwrümi çoýundan, iki sany akkumulýatordan ybarat. Tekerler bolsa «Bugatti»-niň hakyky tekerleridir. Onuň agramy 1500 kilogramdyr. Roly aýrylýar, gapylary, aýnalary doly awtomat görnüşde açylyp ýapylýar, şeýle-de «Technic»-den ýasalan spidometri hem bar.
Merdan BABAÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler