IQ (Intelligence quotient) ýa-da “aňtaw paýy” diýmekligi aňladyp, bu adamyň pikirlenmek ukybynynyň ölçeg birligidir. Gysgaça aýdylanda, bu adamyň berlen maglumatlardan ýa-da logikasynyň güýjüne daýanyp soraglar jogap bermegini we çaklamalary döredip biljek ukybyny ölçeýär. IQ testlar adamyň diňe bir pikirleniş ukybyny barlaman eýsem, onuň ýatda saklaýşynyň ukubyny hem ölçemegi hem başarýar. Beýle testler adamlaryň çylşyrymly beýni üçin oýunlar bn ukybyny we öň öwrenilen maglumaty nähili çaltlyk bilen gaýtadan ýatlap biliş ukybyny hem anyklaýar.
Ähli okuwçy onuň aňyna seretmezden öwrenip biler. Emma mekdepler käbir okuwçylar özleriniň aň-düşünje geriminiň darlygy ýa-da onuň diňe belli bir ugurdan ösendigi sebäpli kynçylyk çekýärler. Şeýle ýagdaýlarda, IQ testler okuwçylaryň aňtaw ukybyny anyklamakda mugallymlar üçin gol gelýär. Häzirki döwürde käbir institutdyr uniwersitetler IQ testleri we şolara meňzeş testleri özlerine gowy okuwçylary saýlamak üçin ulanýarlar. Bu testler okuwçylaryň haýsysy ýolbaşçylyk işine laýyk ýa-da haýsysynyň haýsy ugurdan ökdedigini çaklamakda peýdalydyr.
Biriniň IQ testleriniň jogaplaryny okamak örän gyzyklydyr. Köp adamlaryň aýtmaklaryna görä, aňlylyk bu üstünlikli adamlaryň üstünlikli bolmaklarynyň esasy sebäbidir. Adamyň aňyny öwrenýän alym psihologlar bu aýdylan sözleriň dogry däldigini aýdýarlar. IQ testler adamyň belli bir ugurdan; meselem, ylym, inženerçilik ýa-da sungat ugurlarynda abstrakt pikirlenişini çaklamak mümkindir, emma bu adamyň geljekde üstünlikli boljakdygyny çaklamak diýmek däldir. Üýtgeşik üstünlikler dürli zatlara bagly bolmagy mümkindir we şol zatlara maksada ukgynlylyk, höwes, mkasadyň barada dury oýlanmak ukyby, we mümkinçilik. Ondan başgada amatlylyk hem uly ýer turmagy mümkindir.
Laçyn MYRADOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby.
Teswirler