BITARAPLYK – PARAHATLYK NYŞANY

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi. Türkmenistan gysga wagtda halkara arenasynda özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy.

Türkmenistan beýleki döwletler bilen dosluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda özara gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny birsyhly özüne çekýänligi özüniň gülleýişli netijelerini berýär.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assembleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Karanamanyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynda ykbal kesgitleýji waka boldy. Bu Kararnamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň  şol wagtky ähli agza döwletleriniň 185-si tarapyndan biragyzdan ykrar edilmegi bolsa ýurdumyzyň taryhynda bolan diýseň guwandyryjy habardyr.

2015 – ýylyň 3-nji  iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakyndaky rezolýusiýasy ikinji gezek kabul edilip, ýurdumyz dünýäde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlete öwrüldi. Bilşimiz ýaly, her ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy 300-den gowrak Kararnamalary kabul edýär. Şol Kararnamalaryň içinde Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda kabul edilýänleri dünýäde parahatçylygy we sazlaşykly ösüşi, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge bolan çagyryşyň barlygy bilen tapawutlanýar.

Bitaraplygyň halkara-hukuk derejesini kabul etmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjy BMG-niň doly goldawyna eýe bolmak bilen, geljege gönükdirilen öňdengörüji we örän paýhasly çözgütdigini dünýä halklaryna subut etdi. Türkmenistan döwletiniň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýyllary döwründäki parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmeklige gönükdirilen dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlary bilen sazlaşykly utgaşdyryldy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara we dünýä derejesindäki abraýy, ähmiýeti mähriban Arkadagymyzyň aýratyn tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Täze ösüş ýoly türkmeniň taryhy ýörelgesine we milli däp-dessurlaryna gabat gelýän ýol bolan Bitaraplyk derejesiniň kabul edilmegi bir tarapdan daşarky howplardan gorap saklasa, ikinji bir tarapdan deňhukukly özara hormat goýujylykly, beýleki döwletleriň içerki syýasatlaryna gatyşmazlyk bolup durýar. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň aýratyn bir buýsanjynyň çeşmesine öwrüldi. Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen hiç-hili jedelli meseleleri ýok, ýurdumyz olar bilen hem-de dünýädäki ähli ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistanyň sebitde ýüze çykýan dawalarynyň öňüni almakda we çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde işlemek tejribesi bar. Mukaddes Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler edilip döwletimiz tanalmaz derejede özgerdi.

Halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde-de asuda ýaşamagy, goňşy döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmagyň tarapdary bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de döwletimiziň halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alynyp barylýan Türkmenistanyň daşary syýasaty bu gün ösüş depgini, häzirki zamanyň hemmetaraplaýyn meselelerini çözmäge jogapkärli we täzeçil çemeleşmeleri, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň täze ugur-ýollaryny gözleýändigi bilen tapawutlanýar. Düýpli halkara başlangyçlar we çuň özgertmeler Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna çykarmaga, halkara gatnaşyklary ulgamynda onuň mynasyp ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Bitaraplyk ýörelgesi bilen türkmen halkymyzyň milli durmuş kadalarynyň aňyrsynda biziň taryhymyz, däplerimiz, ata-babalarymyzyň parahatsöýüjilikli arzuwlary bar. Pederlerimiziň döwlet gurmak we diplomatiýa babatdaky däpleri döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň hukuk esaslaryny emele getirýär. Bu däpler häzirki döwrüň syýasy arenasynda öz täsin özboluşly milli syýasatyny ýöredýän döwleti — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany döretmek üçin sarsmaz binýat boldy. Şeýle binýada esaslanyp gurlan döwletimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha gülläp ösýär, halkara abraýy artýar, halkymyz bolsa erkana durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Ýene sanlyja günlerden ýurdumyz Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany ýylynda Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny  halkara derejesinde giňden bellär. Ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan, halkyny şeýle toýly günlerde ýaşadýan watanymyzyň geljegi üçin gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.


Oguljennet ÇARYÝEWA.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä Dilleri institutynyň hindi dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok