TÜRKMENISTAN — BMG: HYZMATDAŞLYGYŇ ÝOKARY SEPGIDI

Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara hukugynyň we halkara gatnaşyklarynyň deňhukukly agazalarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar, hem-de 50-ä golaý halkara guramalaryň agzasy boldy. Garaşsyz ösüşiniň ilkinji günlerinden başlap Türkmenistan dünýä bileleşigine goşulmak, dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, halkara guramalary bilen giňden hyzmatdaşlyk etmek meselelerine uly ähmiýet berdi. Ýurdumyz 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklanan dünýäde ilkinji baky Bitarap döwlet boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeňligi hasam berkedi. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise başlyklygyna 5 gezek saýlanylmagy hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolup çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasy we halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sazlaşykly we açyk syýasatyna ýokary baha berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistana goýýan hormaty, Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň ykdysady ulgamda, bilimde, ilatyň durmuş goraglylygy babatda amala aşyrýan anyk syýasatynyň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegidir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky orny has-da berkedi hem-de işjeňligi artdy. Türkmenistan «Açyk gapylar»syýasatyny üstünlikli alyp barýar. Gysga döwrüň içinde beýleki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleriň ençemesi geçirildi. Paýtagtymyz Aşgabat halkara guramalarynyň  sebitleýin merkezleriniň işleýän ýerine, halkara maslahatlarynyň, ýygnanşyklaryň, gepleşikleriň geçirilýän  erine öwrüldi. Türkmenistanyň halkara abraýy gün-günden has-da artýar. Türkmenistan Garaşsyz ösüşiniň gysga taryhy döwründe ýurdumyzyň dünýäniň ençeme döwletleri bilen gepleşikleri geçirýär we sebit hem-de ýurt ähmiýetli taslamalary ylalaşyklary baglaşýar.

Şeýlelelikde, hormatly Prezidentimiziň hemişelik oňyn Bitaraplyk we dünýä döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek syýasatyny ýokary derejede alyp barmagy ýurdumyzyň halkara abraýyny barha belende göterýär diýip bellemek has-da zerurdyr.

.

Amanow Şirmuhammet,

Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok