TOÝLARA BESLENÝÄN BITARAPLYK BAÝRAMY

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy belleniljek 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen deňhukuklylyk, özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, ýurtlaryň we sebitleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, parahatçylygy we durnuklylygy saklamak ýörelgeleri esasynda birnäçe üstünlikler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi, parahatçylygyň hem-de dostlugyň berkarar bolmagyny bütin dünýä äşgär edip, Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýan taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň bütin dünýäde ykrar edilmegi bolsa, hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilikli ýörelgelere esaslanan daşary syýasat ugrunyň uly goldawa eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her gününi, eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýan agzybir halkymyzyň ähli raýatlary taryhy wakalaryň we ýurdumyzyň ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirilýän oňyn başlangyçlaryň şaýady bolýarlar. Şanly baýramçylygymyzyň uludan tutulyp bellenilmegi bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da dabaralanmagyna ummasyz goşant goşýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň ähli pudaklarda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgermeler durmuşa geçirilýär. Şol sanda, durnukly we kämil ösüş maksatlaryna ýetmekde üstünlikli giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýän diýarymyzda, Milli Liderimiziň taýsyz-tagallasy netijesinde obasenagat toplumynda hem birnäçe üstünlikli işler amala aşyrylýar.

Bitaraplyk ýyllary içinde, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň döwlet tarapyndan goldamagyň maksatnamalaýyn ulgamy täzeden işlenilip taýýarlanylmagy şeýle hem, obasenagat toplumynyň we hyzmat ediş pudaklarynyň gurluşlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň gurulmagy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işläp bejerýän kärhanalaryň we ýerleriň suwaryş we meliorasiýa ýagdaýlaryny gowulandyrylmagy, tohumçylygy we seçgiçiligi ylmy taýdan kämilleşdirilmegi, öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ösdürülmegi hem-de iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyl toýunyň toýlanjak «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýer ýüzünde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesini belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, umumadamzat bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!

Güljeren Söýünowa,

Türkmen oba hojalyk instititynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok