4-nji dekabrda Balkanabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda birbada dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň açylyş dabarasy boldy.
Dabara welaýat we şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we köp sanly şäher ilaty gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda has tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bu ýerde esasy işleri Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň önümçilik bölümleri ýerine ýetirdiler.
Täze toplumyň ýaşaýyş jaýlarynda ýokary derejeli amatlylygy üpjün edýän ähli şertler döredildi. Şolaryň her birinde iki, üç we dört otagly öýleriň 36-sy bar. Öýleriň meýdançasy, degişlilikde, 79, 101 we 119 inedördül metre barabardyr. Giň hem-de ýagty otaglaryň ýerleşdirilişi gowulandyrylyp, aşhanalar we eýwanlar ajaýyp mebeller bilen üpjün edildi.
Geljekde täze ýaşaýyş toplumynda mekdep, çagalar bagy, saglyk hem-de söwda merkezleri, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen meýdançalar we durmuş düzümine degişli beýleki desgalar bina ediler.
Teswirler