ÝOKARY TIZLIKLI UÇAR

Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan «Bo­om Su­per­so­nic» ýapon kompaniýasy tarapyndan, alymlar nobatdaky «Over­tu­re» at­ly ýokary tizlikli ýolagçy uçaryny işläp taýýarlaýar. Şeýlelik-de, bu XB 1 atly nusgalyk ýokary tizlikli uçaryň ilkinji synag uçuşlaryna geljek ýylda başlanylmagy göz öňünde tutulýar. Ýokary tizligi bilen köpleriň ünsüni çekýän bu uçar ýörite adaty ýolagçy uçarynda ulanyljak tehnologiýalary barlap görmek maksady bilen işlenip taýýarlanylyp, uçara «Ge­ne­ral Electric J85-15» mo­tor­la­ry otur­dy­lar. Ýa­pon ho­wa­ýol­la­ry kompaniýasynyň «Bo­om Su­per­so­nic» kom­pa­ni­ýa­sy hem-de «Virgin Group» awiakompa­ni­ýalary tarapyndan işlenip taýýarlanylýan çalt gidýän «Over­tu­re» uçarlaryndan jemi 30 sanysyny sargyt etdi. Şol sanda alymlaryň bellemegine görä, täze ýolagçy uçary daşky gurşaw üçin zyýansyz boljakdygy aýdylýar. Mundan öň çalt tizlikli ilkinji ýolagçy tiz uçýan uçary bolan «Tu-144» ýolagçy gatnawy üçin az wagtlyk ulanylypdy. On­dan bir­nä­çe aý soň­ bolsa, taýýarlanylan «Concor­de» uçarlary 1969-njy ýylda ilkinji uçuşyny geçirdi. 1970-nji ýyl­lar­dan 2000-nji ýyl­laryň başlaryna çenli «Concor­de» uçar­la­ry ABŞ-lary bilen Ýewropanyň arasynda yzygiderli ýolagçy gatnawyny amala aşyrdy.

Agajanow KAKAGELDI,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok