OBA HOJALYK PUDAGYNYŇ ÖSMEGINDE BILIM ULGAMYNYŇ ÄHMIÝETI

    Bilimiň ýaýramagynyň we önümçilik işleriniň yzygiderli ösmeginiň, olaryň durmuşymyzyň ähli ulgamlaryna giňden ornaşmagynyň, düýpli ylmy talap edýän tehnologiýalaryň, bilimiň, ylmy we innowasion işjeňligiň täsiriniň artmagynyň netijesinde bilime esaslanýan ykdysadyýet emele gelýär.  Innowasion ykdysadyýetde täze bilimlere we innowasiýalara daýanmaýan önümçiligiň, häzirki döwürde bäsdeşlige ukyply däldigi sebäpli, bähbitli däldir. Şunuň bilen baglylykda, önümçiligiň ylmy esaslara we innowasiýalara daýanmalydygy babatyndaky garaýyş doly ykrar edilýär.

    Şu ýerde, ylmyň diňe bir ýokary tehnologik önümleri öndürmekde ýa da hyzmatlary etmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen çäklenmän, eýsem, onuň ýetilen sepgitleri halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda peýdalanmaga mümkinçilik döredýänligine üns bermek zerurdyr. Milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin, bar bolan ylmyň gazananlaryny netijeli peýdalanmak bolsa, esasy şertleriň biri bolup durýar.

Ýurdumyzda oba hojalygy ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet agrar syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda, oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek we serişde tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak wezipesi hem öz beýanyny tapýar. Bu wezipäniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin, onuň ýurdumyzyň geljekki ösüşini kesgitleýän döwlet we milli maksatnamalara girizilmegi möhüm şert bolup durýar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň  Maksatnamasynda” oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ulgamynda önümçiligi tehniki we tehnologik taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, halkara standartlaryna laýyk gelýän hil görkezijilerine geçmek, şolar esasynda çykarylýan önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmak meselesi kesgitlenilýär.

Ýokarda beýan edilen wezipäniň iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirilmeginde milli bilim ulgamyna aýratyn ornuň degişlidigini hem bellemek zerurdyr. “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda oba hojalyk pudagyny ussat hünärmenler bilen üpjün etmek meselesine hem aýratyn üns berilýär. Salgylanýan Kanunymyza laýyklykda, oba hojalygy babatda hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak, başlangyç hünär bilim, orta hünär bilim we ýokary hünär bilim edaralarynda, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we olary gaýtadan taýýarlaýan edaralarda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde oba hojalygyny ýokary hünär bilimi bolan hünärmenler bilen üpjün etmek işi, esasan, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde we Türkmen oba hojalyk institutynda amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu wezipäniň üstünlikli çözülmegi, ýurda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek we çözmek wezipesini amala aşyrmaga düýpli goldaw bolýar. Bu wezipäni döwletiň kömegi bolmazdan, doly derejede ýerine ýetirmek mümkin däldir. Sebäbi, döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralarynyň üsti bilen, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleri, önümçiliklere ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalara kämil erk edip bilýän iş, güýji bilen üpjün edýär. Bu bolsa, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek we daşary bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegine özüniň täsirini ýetirýär.

Akjemal GURBANOWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär
okuw  mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok