Häzirki döwürde döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginlerde ösdürmekde intellektual eýeçiligiň eýeleýän orny we ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga we peýdalanmaga gönükdirip alyp barýan syýasaty bilen esaslanandyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halk hojalygynyň düýpgöter özgerdilmegine halkara hyzmatdaşlygynda hem uly ähmiýet beriýär. Bu ugurda Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy BMG-nyň edarasy bolup, ylymda, ykdysadyýetde innowasiýalary we döredijiligi höweslendirmegiň serişdesi hökmünde Intellektual eýeçiligi peýdalanmagyň meseleleri bilen meşgullanýar.
Bu ugurda döwletimiz Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň köp sanly ylalaşyklaryna hem yzygiderli goşulýar. 2015-nji ýylda döwletimiz 1999-njy ýylyň senagat nusgalaryny halkara taýdan bellige almak hakyndaky Gaaga ylalaşygynyň Ženewa namasyna we olimpiýa nyşanlaryny goramak boýunça Naýrobi şertnamasyna goşuldy. 2016-njy ýylda bolsa edebi we çeper eserleri goramak boýunça bern Konwensiýasyna goşuldy. Umuman, döwletimiz abraýly halkara guramalar we düzümler, şol sanda 1995-nji ýyldan bäri doly hukukly agzasy bolup durýan Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Türkmtnistanyň Prezidentiň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda gol çeken Karary bilen döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy intellektual eýeçiligiň düzümlerini goramak babatda döwlet tarapyndan kadalaşdyrylyş işini alyp barýar. Bu ugurda kanunçylyk binýat hem yzygiderli ösdürilýär. Muňa “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda”, “Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazarlarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda”, “Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda” we beýleki hukuk namalar esas bolup hyzmat edýär.
Intellektual eýeçiligiň milli ulgamynyň hereket edýän döwründe daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk babatda anyk ädim ädildi. Munuň özi döwletimize senagat eýeçiligi pudagynyň halkara patent ulgamyna goşulmaga mümkinçilik berdi. Umuman, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe intellektual eýeçiligiň netijeli ulgamy döredilýär. Bu ulgamda alnyp barylýan strategiýa birnäçe milli kanunçylyk-namalaryna hem-de döwletimiziň gol çeken halkara şertnamalaryna laýyklykda ýola goýlup, senagat eýeçiliginiň desgalarynyň hukuk taýdan goralmagyny üpjün edýär.
.
Amanberdiýew Baýramdurdy,
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň Halkara Hukugy
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler