Gender deňligi

Häzirki wagtda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklylygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Gender deňligi durmuşyň ähli ugurlarynda aýallara, şeýle hem erkeklere deň mümkinçilikleriň berilmegidir. Döwletimizde kabul edilýän kanunlaryň mazmunynda aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen kadalar öz beýanyny tapýar. “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny aýallaryň we erkekleriň hukuklaryny giňişleýin goramaga we üpjün etmäge gönükdirilen esasy hukuk namalarynyň biridir. Bu Kanunyň 14-nji maddasynda: “Döwlet aýallara we erkeklere raýat hukuklarynyň amala aşyrylmagynda deňhukuklylygy, jemgyýetiň we döwletiň işleriniň dolandyrylmagyna, saýlaw işiniň barşyna deň gatnaş,aklaryny kepillendirýär” diýip bellenilýär. Mundan başga-da, ýurdumyz döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki çygyrlarynda gender deňligini üpjün edýär.

Ýurdumyzy ähli babatda ösdürmek boýunça kabul edilýän Milli maksatnamalarda gender deňliginiň meseleleri öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 – 2020-nji ýyllar üçin Milli hereketleriň meýilnamasy onuň aýdyň kepilidir. Bu meýilnama erkekleriň we aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna deň derejede gatnaşmaklary üçin zerur şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn resminamadyr. Resminamada gender deňliginiň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler beýan edilýär. Milli hereketleriň meýilnamasynyň esasy maksady döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji we wekilçilikli edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň jyns alamaty boýunça hukuk kemsitmeleriniň ýüze çykmagyna ýol bermezlige gönükdirilen hereketleriniň utgaşdyrylmagy bilen, gender deňliginiň üpjün edilmegi we durmuşyň ähli ulgamlarynda aýallaryň we erkekleriň şahsy mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegini üpjün edýän şertleriň döredilmeginden ybaratdyr.

Milli hereketleriň meýilnamasy ileri tutulýan ugurlara we döwletimiziň bähbitlerine esaslanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda kabul edilýän maksatnamalar döwletimizde oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir. Aýallaryň we erkekleriň deňliginiň ýörelgeleri umumadamzat hukuklarynyň üpjün edilişine, goraglylygyna esaslanýar. Şeýle hem jemgyýetiň demokratiýa tarap barýan ýolunda ähmiýetli görkeziji bolup çykyş edýär.

.

                                                                                             Kanaýew Wepa,

Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok