Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda dünýä nusgalyk milli mekdebiniň döremegine giň ýol açylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, täze döwürden ruhlanyp döretmäge uly mümkinçilikler döredildi. Şu mümkinçiliklerden ruhlanyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary özleriniň yhlasyny öz talyplaryna siňdirip, olaryň hünärine bolan höwesini artdyrýarlar.
2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyplaryň we uçurymlaryň eserlerinden ybarat bolan “Gujurly ýaşlar” atly sergisi geçirilip gelýär. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda hem çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň 1-ne “Gujurly ýaşlar – 2020” atly serginiň nobatdaky açylyş dabarasy boldy. Sergide çeperçilik akademiýanyň we şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlary boýunça eserler görkezilýär. Ekspozisiýada esasan türkmen tebigatynyň gözelligini, medeni mirasymyzy, taryhy şahsyýetlerimizi we asuda durmuşymyzy wasp edýän ajaýyp eserler ähmiýetli orun eýeledi. Ýaş heýkeltaraşlar birnäçe ussat halypalardan bilim alyp, öz sungatyny kämilleşdirýärler. Şeýle-de olar daşary ýurtlara gidip, ajaýyp eserleri bilen birnäçe simpoziumlara, sergilere gatnaşýarlar. Aýratyn-da, “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň talyplary Muhammetmyrat Muhadow, Azady Mekanmyradow, Serdar Jumaýew, Maksat Bazarow, Salyh Saparmämmedow, Meretgeldi Ataýew, Merjen Agaýewa, Nasiba Adizowa we başga-da birnäçe talyplaryň eserleri tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny artyrdy.
“Ýedi ölçe-de bir kes” diýilşi ýaly, heýkeltaraş her bir etjek işini aň eleginden geçirenden soň, ony plastelin, gips, agaç, daş we başga materiallarda janlandyrmagyň küýüne düşýär. Şahyr Gurbannazar Ezizow “Döredijilik üçin” diýen goşgusynda şeýle diýýär:
Bu käriň özüniň häsiýeti bar,
Bar onuň gazaply, näzik gylygy
Döredijilik seni unudyp biler,
Eger sen unutsaň döredijiligi!
Muhammetmyrat Muhadowyň “Asudalyk” heýkel taslamasynda taýjagazy we alabaý güjüjegi aýlaw heýkel görnüşinde döredilip, kepderileri hem-de asuda asman güberçek görnüşinde şekillendirilýär. Türkmen bedewi we alabaý iti özüniň wepadarlygy, hüşgärligi bilen tapawutlanýar. Umuman, bu heýkel taslamasy asudalygynyň nyşany hökmünde görkezilýär.
Ýaş heýkeltaraşlaryň döredijiliginde aýdym-saz sungaty, milli oýunlaryň waspy aýratyn orun tutýar. Serdar Jumaýewiň “Gözelligiň mukamy” atly heýkelinde owadan sazlaryň heňlerinden lezzet alýan türkmen gyzlaryň keşbi hakykylyk bilen beýan edilýär. Göwrümleriň, ýagty-kölegeleriň oýny, yzky meýilnamasynda ýerleşdirilen arfa guralynyň şekili bu taslamany bütewi sazlaşykly kabul etmäge kömek berýär. Merjen Agaýewanyň “Monjugatdy” heýkelinde bolsa türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi bilen baglanyşyklydyr. Gelin-gyzlaryň gadymy oýunlarynyň biri bolan monjugatdyny köplenç bahar aýlarynda, esasan-da, Nowruzda ýyl çalşygynda ýerine ýetirilýär. Monjugatdy gelin-gyzlaryň öz bagtlaryny synamak üçin oýnaýan sanawaçly oýundyr. Ýaş heýkeltaraşyň eserinde bu oýnuna mahsus bolan türkmen gyzynyň iň näzik we çeýe hereketleri, ýagny çep elindäki käsä daşy saljak pursaty şöhlelendirilipdir. Şeýle heýkel taslamanyň bu döredijilik sergide görkezilmegi erjel talyplaryň medeni mirasymyza bolan söýgüsini we döredijilik gözleglerini şöhlelendirýär.
Türkmen tebigatynyň täsin gözelligini, mährem zenanlarymyzyň köňül arzuwlaryny, halkymyzyň gadymyýetini we şu güni şöhlelendirýän haly sungaty baradaky tema ýaş suratkeşleriň ünsüni özüne çekýär. Ene-mamalarymyzdan miras galan türkmen halyçylyk sungatynyň däpleri nesilden-nesle gelýändigini Seýrangeldi Berdiýewiň “El hünäri – il gezer” atly heýkel taslamasynda halyny dokap oturan zenanlaryň ýanynda bilesigelijilik bilen halyçylaryň işini synlaýan gyzjagaz hakykylyk bilen beýan edilýär.
Figuraly typma şu günki günde sungaty we sporty nepis utgaşdyrmak bilen buzuň üstünde typmagyň ýakymly usuly boldy. Salyh Saparmämmedowyň “Buzuň üstündäki tans” atly heýkelinde uly ruhubelentlik we başarjaňlyk bilen öz tansyny ýerine ýetirýän gyzjagazyň keşbi suratlandyrylyp, ýaş türgeniň keşbi yhlasyny, çeperçilik başarjaňlygyny we özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar.
Halypa mugallymlarymyzyň “Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter” diýen nakyldan ugur alyp, özleriniň yhlasyny, bilimini şägirtlerine siňdirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mugallymlaryň maksady ýaş nesliň gelejekde ussat suratkeş bolup ýetişmegi bolup durýar. Ýaş suratkeşleriň eserleri diňe bir çeperçilik akademiýanyň sergilerini bezemän, eýsem, ýurdumyzyň dürli ýerlerinde geçirilýän baýramçylyk sergileri hem bezeýär. Şeýle ajaýyp sergileriň geçirilmegi we oňa ýaşlaryň hem gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlara döredilip berilýän mümkinçiliklerden mysalydyr. Bu bolsa, türkmen şekillendiriş sungatynyň barha beýgelýändigini görkezýär.
Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy,
Şirin Öwezowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.
Teswirler