Gökdepede beton gurnamalaryny öndürýän durky täzelenen kärhana işe girizildi

Gökdepe etrabynda beton gurnamalarynyň dürli görnüşlerini öndürýän durky täzelenen we döwrebaplaşdyrylan kärhana işe girizildi.

Belli daşary ýurt kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen, durky täzelenilen bu desganyň işe girizilmegi bilen onlarça täze iş orny döredildi. Kärhananyň durkuny täzelemek üçin bölünip berlen ýer bölegi 3,36 gektara deňdir, bu işleri “Sähra gurluşyk” hususy kärhanasy amala aşyrdy.

Bu kärhananyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak işlerinde ekologiýa howpsuzlygynyň talaplary göz öňünde tutulypdyr.

Çärä ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Belleýişleri ýaly, bu desga milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen sebitleri senagatlaşdyrmak, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça kuwwatlyklary artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Desganyň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Baýrammyrat Bäşimow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Gidromeliorasiýa fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok