DERDE DERMAN ÝÜZÄRLIK

Ýurdumyzyň halk luk­man­çy­ly­gyn­da giňden peý­da­la­nyl­ýan der­manlyk ösüm­lik­le­ri hemmetaraplaýyn yg­ty­bar­ly öw­ren­mek üçin häzirki wagtda birnäçe giň gerimli işlere giň ýol açyldy. Biziň ata-ba­ba­la­rymy­zyň ençeme ýyllar bäri kämilleş­di­ren, halk luk­man­çy­ly­gyn­da ulanyl­ýan dermanlyk ösüm­lik­le­ri barada­ky dür­li tär­le­ri­ni ylmy esas­da öw­re­nip, hor­mat­ly Preziden­ti­miz «Türk­me­nis­ta­nyň dermanlyk ösüm­lik­le­ri» atly yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­by­ny peş­geş ber­di.

Hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nista­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly ylmy ensiklopedik kita­byn­da ýüzär­li­giň peýdalany­ly­şy, on­dan der­man­lyk taýýarlany­ly­şy we ula­ny­ly­şy barada giňişle­ýin be­ýan edil­ýär. Ýüzär­li­giň ysyn­dan zyýanly bak­te­ri­ýa­la­ryň, mör-mö­jek­le­riň gaçýandygy ir wagt­lar­dan bä­ri mälim bolup, onuň otu­nyň we to­hu­mynyň dü­zü­min­de alkaloidleriň örän köp mukdar­da bolmaklygy bilen düşündirilýär. Ýüzär­li­giň tüs­se­si­niň ýy­lyň bel­libir wagtyn­da döre­ýän bir­nä­çe adam saglygyna zyýan yetiriji ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni alýandy­gy, onuň adam­la­ryň be­de­nin­de ke­se­le du­rum­ly­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ni üp­jün ed­ýän­ligi ylmy taý­dan yk­rar edil­di» diýip hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz pa­ra­sat­ly bel­le­ýär.

Hä­zir­ki zamanda ýurdu­myz­da luk­man­çy­ly­gyň ny­şa­nyn­da ýüzär­li­giň şekiliniň ýerleş­di­ril­me­giniň tö­tän­den däl­di­gi, onuň halk te­bip­çi­li­gin­de we lukmançylykda köp­san­ly ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we olary bejermekde giň­den peýdalanylýanlygy mälimdir. Dür­li gör­nüş­li, gö­ze gö­rün­me­ýän wirusbakteriýalaryň adam be­de­ni­ne ara­laş­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak­da üzär­lik tüssesiniň peýdalydygy hem-de netijelidigini köp asyr­la­ryň tej­ri­be­si subut ed­ýär. Şu­nuň bi­len birlikde, milli Li­de­ri­miz hal­ky­my­zyň ýüzär­lik tü­tet­mek dä­bi­niň häzirki wagtda dün­ýä­de eme­le ge­len çylşyrymly pur­sat­lar­da aý­ra­tyn ähmiýetlidigine hemmeleriň ünsüni çek­ýär. Özü­niň ençeme bejeriji­lik hä­si­ýet­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ýüzärligiň gu­ra­dy­lan otu­ny tüsse­let­mek ar­ka­ly öý we iş otagla­ry­nyň mik­rok­li­ma­ty­ny aras­sa­la­mak müm­kin­dir. Ýüzärlik tüsseledilende otaglaryň penjirele­ri­ni ýa­pyp, ösüm­li­gi hökmany suratda de­mir gap­da tüsseletmegi, tüs­se ota­gyň içi­ne maza­ly or­na­şan­soň, ga­py­ny ýa­pyp azyndan 5−10 mi­nut goýmaklygy mas­la­hat ber­ýär­ler. Wagt geçenden soňra, ga­py­ny we penjireleri açyp, aras­sa ho­wa ugry bi­len ota­gyň içi­ni şe­mal­lat­ma­ly. Bu köpçülikleýin aras­sa­çy­ly­gynyň düz­gün­le­ri­ni her gü­nüň dowa­myn­da berk berjaý edilmegi dürli ýo­kanç­la­ryň we keselleriň öňü­ni al­mak üçin ähmiýetlidir. Sagdynlygyň we ru­hu­be­lentli­giň ýur­dun­da berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bol elin durmuşda ýaşamaklygy üçin gijesini gündiz edip ýadowsyz zähmet çekýän Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Çaryýewa ENEJAN

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok