Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Türkmensitanyň baky bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlap Türkmensitanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, halypa kompozitor Rejep Rejebowyň döredijilik agşamyny geçirdi. Halypa mugallym kompozitor Rejep Rejebow, türkmen kompozitorlarynyň döredijilik keşpleriniň arasynda, has ýiti zehinliligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ol diňe bir biziň ýurdumyzda däl-de eýsem daşary ýurt saz medeniýetinde hem tanalýan kompozitorlaryň biridir.
Kompozitor her bir sazynda taryhy, halkyň durmuşyny we häsiýetini şöhlelendirip türkmen sazynyň milli däplerini köp taraplaýyn ösdürýär we özgertýär. Onuň özboluşly döredijilik täri, eserlerinde ulanylýan giň diapazonly beýan ediji serişdeleri bilen aýratyn öwüşginligi döredýär. Kompozitoryň döreden her bir sazlarynda gaýtalanmajak häsiýeti we diňe onuň döredijiligine mahsus bolan alamatlary döreýär.
Rejep Rejebowyň ähli žanrlarda eserleri bolup, ol dürli nusga stillerine erkin çemeleşýär. Olardan iki opera, simfoniki sazlary, wokal-simfonik, estrada-instrumental ansambly üçin eserleri, kamera-instrumental, kamera-wokal, şeýle-de kino sazlary uly orny eýeleýär.
Kompozitor R.Rejebowa bagyşlanan döredijilik agşamy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Türkmenistanyň Halk artisti Atajan Berdiýewiň, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, Türkmensitanyň Döwlet hor toparynyň ýerine ýetirmeginde solist, hor we simfoniki orkestr üçin döredilen “Berkararlyk” aýdymy bilen başlandy.
Wideo şekilde bütin ömrüni sungata bagyşlan kompozitoryň durmuş we döredijilik ýoly aýdyň beýan edildi.
Döwlet simfoniki orkestriň çeper ýolbaşçysy Resul Gylyjowyň dirižorlyk etmeginde “Çagalar sýuitasy” (5 bölümli) eseri ilkinji gezek ýaňlandy. D.Ýomudowyň goboý saz guralynda orkestr bilen bilelikde ýerine ýetirmeginde goboý we orkestr üçin konsert bu agşamyň bezegi boldy. Ondan başga-da kompozitoryň fortepiano üçin döreden wariasiýalar toplumyny M. Orazowa sahnada ilkinji gezek ýerine ýetirdi. Türkmen fortepiano sazynda erkin wariasiýalar žanryna degişli bolýan, eseriň liriki häsiýetli temasy ösüş prosesinde keşp üýtgemeleri bilen baýlaşýar.
Kompozitoryň eserleriniň çuň mazmunlylygy, täsirliligi ynsanyň durmuşynyň bir parçasyna öwrülýär, onuň galamyna degişli ençeme aýdymlar köpsanly diňleýjileriň söýgüsini gazanýar.
R.Rejebowyň G. Eziziowyň goşgusyna döredilen buýsançly we ruhybelent “Daglar” aýdymy, liriki we arzuwçyl “Ýalňyz ýoda” hem-de “Ykbal” kinofiliminden “Arzyly ýar” aýdymlaryny simfoniki orkestriň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň Halk artisti Atageldi Garýagdyýew ussatlarça ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Öwezowa tarapyndan “Ykbal” kinofiliminden Uzykjemalyň “Armanym” hem-de “Deňeýän” aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi konsertiň ýakymly pursatlarynyň birine öwrüldi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda kino sazlarynda öndürijilikli işläp onuň gatnaşmagynda türkmen filimleriniň ençemesiniň sazlarynyň awtory bolup, olardan “Zöhre Tahyr”, “Ýaşlygymyň dessany”, “Ykbal synaglary”, “Watan ogullary”, “Ak guşyň owazy”, “Ykbal ýollary”, “Söýgi öwrümleri”, “Mährem çynar” we başgalar. Köpüň söýgüsini gazanan meşhur “Mährem çynar” kinofiliminden “Garagöz” aýdymy Türkmenistanyň Halk artisti Suhan Orazberdiýew tarapyndan şirin owazly ýaňlanyp konsertiň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
Joşgunly ruhy galkyndyryjy “Türkmen tansy”, “Bagtly guş” simfoniki orkestr üçin uwertýurasy R.Gylyjowyň ussatlyk bilen dirižorlyk etmeginde Döwlet simfoniki orkestri ýerine ýetirdi.
Atageldi Garýagdyýewiň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň, Türkmensitanyň döwlet horunyň, hem-de orkestriň sazandarlyk etmeginde “Türkmenistan” solist, hor we simfoniki orkestri üçin eseri uly dabara bilen ýaňlandy.
Konsertiň ahyrynda Türkmen halkynyň Arkadagymyzyň saýasynda gülläp ösmegi, Berkarar Döwletimiziň parahat durmuşy we beýik döwri wasp etmek bilen . Gözel Şagulyýewanyň goşgusyna döredilen “Arkadag” aýdymy solistler Atajan Berdiýew, Gözel Öwezowa we hor topary tarapyndan ýerine ýetirilmegi bilen döredijilik agşamy tamamlandy.
Kompozitoryň döredijiligi häzirki we geljekki ýaş kompozitorlar üçin görelde we nusgadyr. Onuň sazlary halkyň söýgüsine mynasyp bolup, geljekde-de köp ýyllaryň dowamynda türkmen saz medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşar.
Aziza SEÝITKULYÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň IV ýyl talyby
Teswirler