Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi raýatlara arassaçylyk çäreleri görmäge çagyrýar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarynda raýatlary ýiti möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin çäreleri görmäge çagyrýar.

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly maglumat çäreleri geçirilýär, onda ilatyň dürli ýaş topary we dürli gatlaklary üçin ýiti möwsümleýin keselleriň öňüni almak, arassaçylyk we şahsy gigiýenanyň tertip-düzgünlerini berjaý etmek, elleri dogry ýuwmak we howpsuz 2 metr araçägi saklamak boýunça gerekli maglumatlar berilýär. Ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça Halkara lukmançylyk-sanitariýa düzgünlerini amala aşyrmak babatda halkara guramalar bilen bilelikdäki işler üznüksiz geçirilýär.

Raýatlara özlerini gowy duýmadyk halatynda, gyssagly ýagdaýda maşgala lukmanyna ýüz tutmak maslahat berilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok