«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki bölümlerinde bugdaýdan boşan meýdanlarda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilen aralyk ekinleriň hasyly kabul edilip başlandy diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň habarynda aýdylýar. Welaýat boýunça galla kabul edýän bölümleriň 9-synda bu gymmatly azyklyk önümleriň ýitgisiz daşalmagy, görnüşlerine görä, aýratynlykda ýerleşdirilmegi hem-de aýawly saklanmagy üçin taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp baryldy. Şu ýyl welaýatyň kärendeçi ýer eýeleriniň yhlasly zähmeti bilen güýzlük bugdaýdan boşan ýerleriň 7250 gektarynda mäşiň, 350 gektarynda künjiniň, 250 gektar meýdanda hem noýbanyň bol hasyly ýetişdirildi. Bereketli güýz paslynyň häzirki günlerinde bu dänelik ekinleri öz wagtynda ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak çäreleri gyzgalaňly dowam edýär.
Muhammetgeldi Ataýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler