Gözel paýtagtymyzyň ajaýyp keşbinde bagtyýar halkymyzyň bagtly keşbi janlanýar. Arkadagymyzyň Aşgabady ösdürmekdäki 16-njy tapgyrynyň çäklerinde açyp ulanylmanga berlen täze tehnalogiýalar bilen üpjin edilen halkymyz asuda durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri göz öňüne tutulan ýaşaýyş jaýlar, merkezler, giň we ýagty köçeler, milli gymmatlygymyz we V Aziýa oýunlarynyň tumary bolan wepaly alabaýyň heýkeli görenleri haýrana goýýar. Paýtagtymyz Aşgabada gelýän ähli myhmanlar türkmen halkyna,arhitekturasyna,medenyetine ýokary hilli baha berip ozlerini hayranana goyan watanmyza ýene gelmegi arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen müňden gowrak maşgalanyň täze durmuşyň gapysyny açan ýaşaýyş jaýlarda halkymyzyň asylly däplerine eýerilip, guralan toý dabaralary we milli däp-dessurlarymyz gadymy ýörelgelerimizi beslenip şatlykly wakany taryha ýazdy. Atalyk aladalaryň netijelerinde gurulan binalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrlyşyp, yşyklandyrjylaryň döwrebap bolmagyna we şäheriň ekologiýa taýdan ýokary hilli bolmagyna uly üns berilipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze desgalar Ak şäherimiz Aşgabadyň görküne görk goşýar. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş şertlerini gowlandyrmakda möhüm orun eýeleýär .
“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýllyk toýunyň uludan tutuljak ýylynda hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly degalaryň yzygiderli gurulyp ulanmaga berilmegi biziň Garaşsyz, Bitarap ata Watanmyza bolan söýgimizi arşa göterýär. Biz ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
.
Gylyjow Muhammet,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara
hukugy fakultetiniň I ýyl talyby
Teswirler