Saglyk – lezzetli ýaşaýyş

Sagdyn durmuş ýörelgesi “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda
üslünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan ajaýyp mümkinçilikler döredilýär. Oňa diýarymyzyň ähli ýerinde häzirki zaman sport desgalarynyň, stadionlaryň we sport mekdepleriniň giň gerim bilen gurulýanlygy-da, eýýam olaryň ençemesiniň türgenleriň hyzmatyna berlenligi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň saglygy bilen bagly terbiýeçilik işleriniň ünsden düşürilmezligini talap edýän milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwletimizde uly işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetimiziň kämilleşmegi we ösmegi üçin geljegimiz bolan ýaşlaryň sagdyn ruhda terbiýelenmegini, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak bolsa esasy wezipeleriň biridir. Raýatlaryň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, olaryň beden hem-de ruhy kämilligi üçin şertleri döretmek döwlet işiniň möhüm bölegi bolup durýar. 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilip geçilýär. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden
ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek hem-de ösdürmek, saglygy goraýyş we sport babatda halkara hyzmatdaşlygny pugtalandyrmak.

Türkmenistanyň degişli Ministrliklerine we pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine hem-de jemgyýetçilik guramalaryna «Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginde» sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň, köpçülikleýin bedenterbiýe we medeni çäreleriň, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça çäreleriň geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Jemgyýetiň ruhy taýdan kämil ösmeginde medeniýetiň, fiziki taýdan sagdyn
kemala gelmeginde sportuň ähmiýetiniň ýokarydygyny adamzat taryhy subut etdi. Ýurtda medeniýet bilen sport sazlaşykly alnyp barlanda, ynsan hemmetaraplaýyn gözel bolýar, ýagny daşky görnüşi göze gelüwli, ruhy taýdan kämil, fiziki babatda güýçli şahsyýet bolup ýetişýär.
Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz medeniýetiň we sportuň sazlaşykly ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň biri bolan S. A. Nyýazow Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär mekdebiniň hem ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň döwrebäp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşjak talyplara okuwynyň daşyndan sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär.
Her bir işde halkymyza, ösüp gelýän ýaş nesle şahsy görelde görkezýän,
döwletimiziň dünýä ýuzündäki abraýynyň has-da artmagy, halkymyzyň bolelin ýaşamagy, ýaşlarymyzyň bilimli, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn we kämil nesiller bolup ýetişmegi üçin alada edýän Hormatly Prezidentimize halkymyzyň alkyşlary çäksizdir.

Nuryvewa Güljahan
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň
çörek, süýji we unaş önümleriniň
tehnologiýasynyň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok