Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň saglygyny goramak, olary bedenterbiýä we köpçülikleýin sporta çekmek işlerine yzygiderli üns berilýär. “Adam jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygydyr” diýen ýörelgelerden ugur alýan Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de jemgyýetiň we her bir raýatyň döredijilik mümkinçiligini has doly açmagyna ýardam edýän durmuş gurşawynyň döredilmegindäki ornunyň berkidilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, şypahana hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi döwletimizde amala aşyrylýan giň möçberli işleriň möhüm ugry bolup durýar.
Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga berilýän saglyk desgalary, sport toplumlary, dürli seýilgähler ynsan saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Milli lideriň hem “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik eseri dünýäniň lukmançylyk ylmynyň ösmeginde mynasyp orny eýeleýändigi bilen tapawutlanýar. Köp jiltlik eseriň dünýäniň köp ýurtlarynyň diline terjime edilmegi muňa doly şaýatlyk edýär. Türkmen topragynda ösýän melhem otlaryň dünýä halklarynda gyzyklanma döretmegi ýöne ýerden däl. Şol eserinde melhem otlaryň ösýän ýerleri, dermanlyk häsiýetleri, olaryň taýýarlanylyşy, ulanylyşy barada giňişleýin düşündiriş berilmegi onuň gymmatyny artdyrýar.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 25 ýyllyk şanly senesine uly taýýarlyklary görýän ata Watanymyzda halkyň saglygyny goramakda hem-de berkitmekde giň gerimli tutumlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen sazlaşykly alnyp barylmagy hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky döwlet syýasatynyň aýratyn tapawutly taraplarynyň biridir. Netijede, Prezidentimiziň nusgalyk şahsy göreldesi arkaly berkarar Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde, zähmet bilen dynç alşy sazlaşylky utgaşdyrmakda, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmakda gymmatly durmuş ýörelgeleri kemala geldi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz dünýäde geçirilýän künjekleriň biri hökmünde hem giňden tanalýar.
Döwletimiziň bagtyýar ýaşaýjylarynyň saglygy baradaky aladany berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginlerde ösmeginiň ilkinji şertleriniň biri hökmünde kesgitläp, ony elmydama üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiziň hemişe jany sag, belent başy aman, röwşen geljegimize gönükdirilen beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin!
.
Çeper Meredowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby |
Teswirler