Gommoz gowaçanyň howply bakterial keselidir. Gommoz keseli bilen gowaçanyň dürli synalary keselleýär: çigit şinesinde, ýapraklarynda, baldagynda, gülünde gozalarynda, şahalarynda hem gabat gelýär. Şeýlelikde gowaça ösüşiniň bütin dowamynda, ýagny gögerip çykandan tä gozalary açylýança keselleýär.
Keseliň geçiş alamaty esasan keseliň ýokaşan ýerinde ilki başda çygjaryp duran ýagjymak, howada gataýan goňrumtyl gaty suwuklyk bölüp çykarmagy soňra garamtyl menekleriň ýüze çykmagy bu keseliň häsiýetli alamatydyr. Şol menekleriň emele gelen ýeriniň dokumalary guraýar. Gommoz keseliň ýaprakda ýüze çykmagy örän howply hasaplanýar sebäbi gowaçanyň ýaprakdan alýan iýmitiň ýitirilmegi ösümligi gaty horlaýar hem-de gowaça hasylynyň azalmagyna getirýär. Gommoz keseliniň goza ýokaşmagy örän zyýanlydyr. Gozanyň kesel ýokaşan ýerinde aşak çöken görnüşinde goňrumtyl reňkdäki menekler emele gelýär. Şonda süýümiň hili ýaramazlaşýar. Kesel güýçli ýaýranda gozalar çürüşýär we bişip ýetişende-de açylmaýar çala çyzylýar süýüm ýelmeşýär garalýar we çüýreýär. Kesel gowaçanyň şahalaryna ýokaşanda has köp zyýan ýetirýär. Ösümligiň kesel ýokaşan bölegi ösüşden galýar güllemänkä ýa-da hasyl emele getirmänkä kesel ýokaşan şaha kesellän ýerinden döwülýär we guraýar. Gommoz keseliniň ýaýramagyna esasan ekilen gowaça çigidi, howanyň ýylylygy we topragyň çyglylygyna hem baglydyr. Howanyň ýylylygy 14-22 oC bolanda keseliň ösmegi üçin has amatly bolýar. Toprakda yzgaryň ýokary bolmagy hem gommoz keseliniň ösmegi üçin amatlydyr. Gommoz keselini dörediji bakteriýa ösümligiň ustisasyndan we mehaniki täsirler arkaly ösümligiň ýaralanan ýerinden ýokaşýar. Umuman kesel köpçülikleýin ýaýranda gowaça hasylyny 28-30%-e çenli zyýan ýetirip bilýär. Gowaça meýdanynda bu kesel ýüze çykanda öňüni almak üçin gowaça çöpüni we galan beýleki galyndylaryny ýok etmeli. Gowy hilli sürüm geçirmeli. Gowaçanyň ösüş döwründe hemme agrotehniki çäreleri berjaý etmeli. Gowaça çigidini ekişden öň dermanlamaly.
Gunça NAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
Teswirler