Bitaraplyk derejesi türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň çür başydyr. Hemişelik Bitaraplygymyz hem edil Garaşsyzlygymyz ýaly ýakymy bilen dabarasy soňlanmajak baýramdyr. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň goşa ganatydyr. Şol goşa ganaty birleşdirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzdyr. Bilşimiz ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwleti Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini biragyzdan ilkinji gezek ykrar edipdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçen 69-njy mejlisinde bolsa 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasy gaýtadan kabul edildi. Şol ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda BMG-niň howandarlyk etmeginde «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat geçirildi we onda hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşy aýratyn orny eýeledi.Çykyşynda hormatly Prezidentimiz her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip bellemegi teklip edipdi. 2017-nji ýylyň fewralynda geçen BMG-niň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada degişli resminama kabul edildi. Şondan bäri hem bu güni umumadamzat bolup dabaralara beslemek asylly däbe öwrüldi. Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşiginde abraýynyň artmagynda Bitaraplygyň ähmiýeti uludyr.
Bitaraplyk munuň özi asuda ýaşaýşyň, agzybir durmuşyň, ertire bolan ynamyň kepillenmesidir, arkaýyn okamak, öwrenmek, döretmek mümkinçiligidir. Çünki hemişelik Bitaraplyk — baky abadançylykdyr.Geçen ýyllar döwletimiziň öz saýlap alan syýasy ýoluna doly wepalydygyny, Bitaraplygyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzünde subut etmegi başardy. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem hut şu ýerde — gözel paýtagtymyz Aşgabatda açylmagy şol tagallalaryň netijesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň sessiýalarynda diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini araýan, düýbünden täzeçillige ýugrulan çuň manyly taryhy we dünýä ähmiýetli teklipleri öňe sürýär. Bu teklipler halkara hukugynyň kämilleşmegine, parahatçylygyň barha berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne ýaýramagyna ýardam berýär.Halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde-de asuda ýaşamagy, goňşy döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmagyň tarapdary bolupdyr. Bütin dünýäde uly gyzyklanma we seslenme döreden, Demirgazyk — Günorta Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana, ondan hem Pars aýlagyna çykalga boljak ulag geçelgesini gurmak, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Eýran gaz geçirijisiniň işe girizilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünde işlenilmegi, şeýle hem Aziýa halklarynyň gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjak Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň, Kerki — Ymamnazar — Akina polat ýolunyň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem parahatçylyksöýüji halkara gatnaşyklary kemala getirmäge bolan türkmen halkynyň mümkinçilikleri dogrusynda söz açylyp, ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyga goýulýan sarpa şöhlelendirilýär.Bitaraplyk derejesi dostluk-doganlyk gerimini has-da giňeldýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlar, forumlar, Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyny, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini, «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasyny we ylmy maslahatyny, mundan başga-da birnäçe halkara ähmiýetli wakalary görkezmek bolar.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de döwletimiziň halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alynyp barylýan Türkmenistanyň daşary syýasaty bu gün ösüş depgini, häzirki zamanyň hemmetaraplaýyn meselelerini çözmäge jogapkärli we täzeçil çemeleşmeleri, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň täze ugur-ýollaryny gözleýändigi bilen tapawutlanýar. Düýpli halkara başlangyçlar we çuň özgertmeler Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna çykarmaga, halkara gatnaşyklary ulgamynda onuň mynasyp ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bitaraplyk ýörelgesi bilen türkmen halkymyzyň milli durmuş kadalarynyň aňyrsynda biziň taryhymyz, däplerimiz, ata-babalarymyzyň parahatsöýüjilikli arzuwlary bar. Pederlerimiziň döwlet gurmak we diplomatiýa babatdaky däpleri döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň hukuk esaslaryny emele getirýär. Bu däpler häzirki döwrüň syýasy arenasynda öz täsin özboluşly milli syýasatyny ýöredýän döwleti — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany döretmek üçin sarsmaz binýat boldy. Şeýle binýada esaslanyp gurlan döwletimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha gülläp ösýär, halkara abraýy artýar, halkymyz bolsa erkana durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara möçberinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. Ak mermerli gözel Aşgabadymyz ylalaşdyryjy merkez, dürli ugurlar boýunça ençeme halkara duşuşyklaryň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar.
Gadyr-gymmaty, ähmiýeti, özboluşly aýratynlygy bilen juda tapawutlanýandygy üçin halkymyz şeýle gymmatlyklary mukaddeslik derejesine göterýär.Indi her ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyzda we bütin dünýäde Halkara Bitaraplyk güni toý-dabara bilen uludan bellenilýär. Bu biziň halkymyz, döwletimiz üçin Bitaraplygyň bahasyna ýetip bolmajak mukaddes gymmatlykdygyny görkezýär. Şeýle ajaýyp zamanany, berkararlygy, bagtyýarlygy peşgeş berip, halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
.
Döwletgeldi BABAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby |
Teswirler