Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ata Watanymyz Türkmenistan her gününi ýeňişlere besläp, baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýar. Hormatly Prezidentimizň saýasynda diýarymyzda göz öňünde tutulýan meýilnamalar, kabul edilýän çözgütler, ýerine ýetirilýän işler biziň göwnümizi galkyndyrýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, diýarymyzy ekologiýa talaplaryna laýyk getirmek milli Lidermiziň esasy üns merkezinde durýar. Sebäbi ekologiýa taýdan arassa tebigat ynsan saglygynyň girewi hasaplanylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa BMG tarapyndan kabul edilen “2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň” ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň esasy ýagdaýlarynyň biri hökmünde aýratyn uly üns berýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýaňy-ýakynda hem hormatly Arkadagymyzyň hut özüniň başlangyjy bilen güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilmegini aýdyp bileris. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, dürli wezipede zähmet çekýän ildeşlerimiziň, şeýle-de talyp deň-duşlarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen bu bag ekişlik dabarasynda millionlarça düýp saýaly, pürli agaç nahallary oturdylyp, bu ýaşajyk bag nahallary türkmen halkynyň kalby ýaly owadan tebigatynyň görküne görk goşdy. Iň esasy bellemeli zat hem, baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli jemi 25 million düýp bag nahallarynyň ekilmegidir. Bu bag ekişlik dabarasyna gatnaşyjylaryň her biri öňümizdäki 2021-nji ýylda uly dabara bilen toýlanjak sarsmaz sütünimiz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlap, sosna nahallarynyň 30 düýbüni ekdiler. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ata Watanymyzyň her bir raýatynyň şeýle sogaply işlere goşulmagy biziň göwnümizi galkyndyrýar. Halypa şahyrymyz Gara Seýitliýew hem öz goşgusynda:
Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýä kitabynda onuň ady bar. -diýip, belleýär.
Diýarymyzda iki möwsümde ýagny, ýaz we güýz pasyllarynda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi türkmen tebigatynyň ýaşyl dona bürenmegine, şeýle-de ekologiýa abadançylygynyň ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirýär. Türkmençilikde ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlara laýyklykda köpri gurmak, guýy gazmak, bag ekmek sogap hasaplanylýar. Şonuň üçin hem köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna ýurdumyzyň uludan-kiçä ähli ilaty uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan şeýle asylly ýörelgelere biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşalary hem goşandyny goşýarlar. Olar güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşdylar. Ýaşajyk bag nahallarynyň müňlerçe düýbüni ýere oturtmak bilen, ählihalk tarapyndan alnyp barylýan tebigaty goramak, onuň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak, tebigy taýdan arassa ekologiýany emele getirmek ýaly asylly işlere öz goşandyny goşdular. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan badalga alan şeýle sogaply işlere talyp ýaşlaryň gatnaşmagy olaryň has-da yhlasly okamagyna, Watan duzunyň, onuň mukaddes toragynyň öňündäki borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirmeginde wajyp orun eýeleýär.
Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, türkmen tebigatyny has-da gözelleşdirmek we baýlaşdyrmak, arassa ekologiýany üpjün edip, halkyň saglygyny berkitmek ýaly sogaply işleriň başynda duran mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Teswirler