Diller dostluk köprüsi

Il içinde näçe köp dil bildigiňçe, şonça-da seniň özüň artýaň diýen sözlere siz gabat gelen bolsaňyz gerek. Hakykatdanam, bir dil bu dünýädir, ikinji dili öwrenseň hem seniň dünýä bolan garaýyşyň üýtgeýär. Şol parasatly pähiňlerden gözbaş alyp, biziň ýurdumyzda hem daşary ýurt dillerini okuwçylara mekdebe gadam basan günlerinden soň öwredilip başlanýar. Bu bolsa, Hormatly Prezidentiňiziň öňdengörijilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda okamaga we öwrenmäge ähli mümkinçilikleriň döredilip berilýänliginiň aýdyň subutnamasydur.

Ine şu günem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň D.Azady adyndaky dünýä dilleri instituty bilen bilelikde gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň öz başlangyçlary bilen badalga alan Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny berkitmek maksady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sahnasynda institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň guramagynda ýokary derejede geçirildi. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen kompazisiýa çykyşlary, taryhy sahnalar we aýdym-sazly çykyşlar dabara has-da şowhun goşdy. D.Azady adyndaky dünýä dilleri institutyndan gelen myhmanlar bilen iňlis dilinde özara söhbetdeşlikler gurnaldy. Konsertiň soňy Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan alkyşly sözler bilen tamamlandy.

Ýunus ALLANAZAROW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok