SAGLYK – BAGTYÝARLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞYDYR

Saglyk — biziň iň uly hazynamyzdyr. On iki süňňümiz sagat bolanda biz özümizi hiç kime mätäç duýmaýarys. Islendik işi öz gujur-gaýratymyz saýasynda ýerine ýetirip bileris. Aslynda ähli zat ilki başda biziň saglygymyzdan başlanýar. Eger biz berk bedenli, sagdyn bolsak onda durmuşa bolan garaýşymyz, ýaşaýşa bolan höwesimiz başgaça bolýar. Arzuwlarymyz köpelýär we öňümizde maksat goýup, şoňa tarap ymtylýarys.

Sagdyn durmuş — ýagty geljek. Durmuşdaky esasy maksadymyz bagtly, aladasyz, şat bolup ýaşamak. Bizi şol arzuwymyza gowuşdyrjak ýeke-täk zat — sagdynlyk. Sagdyn bolmak üçin bolsa, şu günden, heniz saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly hiç bir gaýgy-aladamyz ýok wagty jan-saglygymyz üçin peýdaly işleri edip başlamaly. Çenden-aşa köp işläp käbir zatlara wagt tapyp bilmeýän ynsanlar öz saglyklary hakynda hiç hili oýlanmaýarlar. Emma bu ýalňyş. Günüň dowamynda azyndan ýarym sagadymyzy bedeni berkidiji maşklar bilen meşgullanmak biz üçin diýseň peýdaly. Dünýä meşhur lukmanlaryň belleýşine görä, her gün irden ylgamak ýa-da bolmasa arassa howadan dem alyp maşklary ýerine ýetirmek, şol günümizi has ýeňil ýagny, ruhubelent, ýadawsyz, çakgan bolup geçirmegimize ýardam berýär.

Biz özümiz, geljegimiz, ýaşaýşymyz hakynda köp aladalanýarys. Emma gynansakda saglygymyz hakynda diýseň az alada edýäris. Ilki bilen bir zada göz ýetirmeli islendik zady gazanmak üçin maksada okgunly, ynamly, islegli bolmaly. Şeýle duýgulary kalbymyzda oýandyryp bilmek üçin bolsa ýaşaýşa söýgi bilen garamagy başarmaly. Ýaşamagy söýmek üçin bolsa ruhy we beden sagdynlygyna eýe bolmaly. Ähli zadyň başynda hemişe sagdynlyk durýar. Şol sebäpden hem saglygyň gadyryn bilip, hemme zatdan öň şol hakda pikirlenmeli.

Güneşli diýarymyzyň baş şygary «Döwlet — adam üçindir». Şygardan hem belli bolşy ýaly biziň ýurdumyzda ähli alnyp barylýan işler halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, sagdyn, berk-bedenli ýaş nesilleriň kemala gelmegi we parahatçylygyň höküm sürmegi üçin gönükdirilýär. Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek we ösdürmek hem-de ilatyň saglyk taýdan goraglylygyny artdyrmak maksatly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ilkinji ädimler şäher we oba saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça ilata berilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek boldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde raýatlaryň saglyk ýagdaýlary has-da gowulaşdy. Saglygy goraýyşyň dürli ugurlaryny ösdürmek babatynda düýpli işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, 2018-nji ýylyň iýul aýynda hormatly Prezidentimiziň «2018 — 2022-nji ýyllarda ilatyň psihiki saglygyny goramak» boýunça, «2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça täze milli maksatnamalary» we şuňa meňzeş kabul edilen beýleki maksatnamalary aýdyp bileris. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurulyp ulanylmaga berilen, häzirki zaman ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrlan hassahanalar halkyň saglyk ýagdaýyny berkitmekde uly orny eýeleýär.

Türkmenistan Bütindünýä sagylygy goraýyş guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürip, ylmy-lukmançylyk ulgamynda sebit we ähliumumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge, häzirki döwüriň wajyp meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ulgamynda uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek bolar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünliklere ýetilýär we olaryň işini kämilleşdirmek babatynda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär hem-de hukuk  goldawyna eýe bolýar.  Bu ugurda lukmançylyk diplomatiýasy möhüm orun tutýar we bu diplomatiýa şol ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Halkymyzyň abadan we sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

.

Begli TÄŞLIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok