Bütindünýä çagalar güni

«Bal süýji, baldan-da  bala süýji» diýen nakyla eýerilse hakykatdan hem çaganyň baldan süýji, eýjejik, naşyjadygyna göz ýetirýärsiň. Özüniň täsinje hereketleri bilen töwerek-daşyndaky adamlary güýmemegi, jykyrdap gülüşi, tämiz oýunlary bilen güldürmegi başarýar. Çagajyklaryň arasynda dürli oýunlar oýnap wagtyň nädip suw kimin akyp geçenini hem bilmän galýan wagtlarymyz bolýar. Gaýgy, aladalaryň bolsada çagalaryň ýanyna baranyňda olar seni öz dünýälerine alýarlar we ähli ünjileriňi bir pursatlygam bolsa unutdyrýarlar. Uly ýaşly adamlara  “Iň hezil döwriň?” diýip soranyňda olaryň hemmesi bir agyzdan “Elbetde çagalyk döwrüm” diýip jogap bererler.

Durmuşymyzy şatlyk bilen gaplap alýan balalar üçin Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýörite 20-nji noýabry  “Bütindünýä çagalar güni” diýlip bellenildi. 1954-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan dünýädäki çagalaryň abadançylygy, olaryň sagdyn, bilimli, hiç zada mätäç bolman önüp-ösmeklerini üpjün etmäge üns çekmek üçin şeýle güni bellemek kararyna gelindi.  Bütindünýä çagalar güni ählumumy dabaralarynyň halkara agzybirligini we hyzmatdaşlygyny berkitmäge hyzmat etjekdigi hem göz öňünde tutuldy. Şeýle hem 20-nji noýabry  «Çagalar Hukuklary Jarnamasynyň»  we 1989-nji ýylda «Çaganyň Hukuklary Konwensiýasynyň»  kabul edilen güni hökmünde taryha girdi.

BMG-niň Çagalar Gaznasy – çaga dogulmagyndan öň we  ýetginjeklige çenli çagalaryň saglygynyň ähli ugurlary bilen giňişleýin meşgullanýar. Çagalar Gaznasy göwreli aýallaryň çaga dogurmazyndan öň we wagtynda degişli lukmançylyk gözegçiligini alyp barmagyny üpjün etmek, maşgalalaryň öýde çagalyk kesellerine garşy göreşmek ukybyny güýçlendirmek we saglygy goramagyň usullary barada maslahat berýär.

Hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli işleriniň  esasy maksatlarynyň biri hem  ýaş nesillerimiziň   sagdyn, sowatly, ylymly-bilimli, ynsanperwer adamlar bolup ýetişmegi bolup durýar.  Adamzadyň jemgyýet içinde oňlanan iň gowy gylyk-häsiýetlerini özlerinde jemleýän ýaş nesilleri ösdürip  ýetişmek üçin ýurdumyzda  ägirt uly işler kanuny esasda alnyp barylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýurdymyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak maksatly gurulan we dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen hassahanalarynda çaga on sekiz ýaşyna ýetýänçä döwlet tarapyndan mugt gözegçilik edilýär. Mundan başgada   Hormatly Arkadagymyz saýasynda çagalaryň ylymly-bilimli bolmaklary üçin ähli amatlyklar döredilen okuw binalary gurlup berilýär.

Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, tutýan tutumly işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin.

.

Allaberdi  DÄNÄÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok