Gökdepe etrabynda towuk etini öndürýän kärhananyň açylyşy boldy

17-nji noýabrdaWatanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda towuk etini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär. Açylyş dabarasyna welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir. Şol maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iri maldarçylyk, guşçulyk we ýyladyşhana toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi.

Şolara öňdebaryjy tejribe esasynda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Azyk harytlarynyň dürli görnüşlerini öndürýän kärhanalaryň onlarçasy bina edilip, berkarar Watanymyzyň azyk howpsuzlygy berkidilýär.

Täze desganyň çäginde guş howlulary, jüýjeleri ýetişdirmek üçin jaýlar ýerleşdirildi. Ähli bölümler doly awtomatlaşdyrylyp, ýöriteleşdirilen enjamlar, şol sanda amatly howany saklamak, howany, suwy arassalamak üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edildi.

Bu ýerde onlarça iş orunlary, işçileriň önjeýli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin şertler döredildi. Guşçulyk toplumynyň döwrebap enjamlarynyň netijeliligi bir tarapdan, öndürilýän önümiň hilini ýokarlandyrmaga, beýleki tarapdan, kärhananyň düşewüntliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýazguly Halylow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

Gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok