SPORT DOSTLUGYŇ WE HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ ESASYDYR

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soňra ýurtda bedenterbiýe we sport hereketlerini ýola goýmagyň täze usullary kemala gelip ugrady hem-de şol ugurda halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň düýp esasy goýuldy. Hemişelik oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň barha ýokarlanýan häzirki döwründe milli we halkara baýramçylyklary, şanly seneler mynasybetli köpçülikleýin medeni-sport çärelerini geçirmek ajaýyp däbe öwrüldi.

Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri dünýä medeniýetiniň örän möhüm gymmatlyklarydyr. Bu gymmatlyklar her bir jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady we medeni taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün edýän esasy görkezijiler bolup durýar. Bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän we ösüşe ruhlandyrýan güýçdür. Şu nukdaýnazardan, päk ahlaklylygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde doly ykrar edilýän eziz Watanymyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, halkymyzyň saglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle syýasaty durmuşa geçirmek maksady bilen diýarymyzyň ähli welaýatlarynda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we başga-da ş.m desgalar beýan edildi.

Bedenterbiýe we sport adam şahsyýetini sazlaşykly kemala getirmek maksady bilen onuň saglygyny berkitmäge, adamyň beden we akyl-paýhas ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň halkynyň medeniýetiniň düzüminiň möhüm bir bölegidir.

2001-nji ýylyň 07-nji iýulynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport hakyndaky kanuny kabul edilip, onda bedenterbiýe we sport babatda raýatlaryň hukuklary, bu çygyrda döwlet dolandyryşy, bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşikleri, bilim edaralarynda beden terbiýesi, Türkmenistanda Olimpiýa hereketi,Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti, bedenterbiýe we sport çygrynda durmuş taýdan goraglylygy, sportda gadagan edilen serişdeler, Türkmenistanda bedenterbiýe we sport hakyndaky kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik ýaly düzgünler düzgünleşdirilendir. Agzalan kanuna laýyklykda, raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga hukugy bardyr. Raýatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara sport birleşikleriniň düzgünnamalaýyn resminamalaryna laýyklykda hereket edýän bedenterbiýe we sport, sport klublaryny hem-de beýleki bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly guramalaryny döretmäge bolan hukuklary şu kanun esasynda kepillendirilýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň halkara giňişliginde sport ulgamynda alyp barýan syýasatyny we başlangyçlaryny öňe sürmek üçin, şeýle-de bu ugra degişli ýurduň jogapkär edaralarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň işini we hereketlerini utgaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň düzüminde Halkara sport hyzmatdaşlygy bölümi döredildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bedenterbiýäniň we sportuň döwlet dolandyryş edaralary, saglygy goraýyş edaralary, bilim edaralary, kärdeşler arkalaşyklary, ýaşlar we aýallar guramalary, bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşikleri bedenterbiýäniň we sportyň, olimpiýa hereketiniň giň ündewini alyp barýarlar, saglygy goramak we berkitmek üçin bedenterbiýäni iş ýüzünde peýdalanmak barada ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrýarlar.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport hakyndaky kanunyna laýyklykda, bilim edaralary belenterbiýäni we sporty ösdürmegiň milli maksatnamasynyň çäklerinde çagalary we ýaşlary beden taýdan terbiýelemek, olaryň saglygyny berkitmek, olarda beden taýdan kämilleşmäge bolan islegi kemala getirmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýärler. Çagalary we ýaşlary beden taýdan terbiýelemegiň esasy ugurlary, şeýle hem Türkmenistanda çagalar-ýetginjekler sportuny ösdürmegiň esasy ugurlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

Ösüp gelýän nesli özara düşünişmek we dostluk ruhunda terbiýelemegiň olimpiýa taglymatlaryny we ýörelgelerini ýaýratmagy, ilat arasynda bedenterbiýäni we sporty ündemegi, Türkmenistanyň türgenleriniň Olimpiýa we Paraolimpiýa oýunlaryna taýýarlanmagy we gatnaşmagy maksat edinip, döwletimiz Türkmenistanda Olimpiýa hereketini ykrar edýär we goldaýar.

Türkmenistanda Olimpiýa hereketi Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan ugrukdyrylýar we ol jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar.

Ýurdumyzda sport oruntutarlaryny taýýarlamak maksady bilen çagalaryň we ýaşlaryň ýöriteleşdirilen okuw-sport mekdepleri döredilýär, oňa sport mekdepleri, ýokary sport ussatlygynyň mekdepleri, olimpiýa taýýarlygynyň mekdepleri we merkezleri girýärler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyz halkymyzyň we ilkinji nobatda ýaş nesliň sagdynlygynyň goralmagyny döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýän wezipe hökmünde öňde goýup, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportyň ösdürilmeginiň uzak möhletleýin umumymilli maksatnama mahsus bolan guramaçylykly we maksada okgunly häsiýetde bolmagyna içgin üns berýär.

Bularyň ählisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň esasy gymmatlygy bolan adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Geljegi nazarlamak bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen hem-de halkara giňişliginde ýurdumyzyň belent abraýyny şertlendiren oňyn özgertmeler syýasatyny durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, jany sag, belent başy aman bolsun, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan yhlasly zähmeti, parahatçylyga döredijilige ösüşe hem-de dostluga gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasaty, döretmek we gurmak başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!

.

Aziz Daşgynow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok