SAGLYGYM – BAÝLYGYM

Saglygy goramagyň milli ulgamynyň kämilleşdirilmegi hem-de okgunly ösdürilmegi berkarar Watanymyzyň has uly ähmiýetli gazanan sepgitleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär.

Hepdäniň anna güni Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň — Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bitarap ýurdumyzda ynsan saglygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. “Saglyk” döwlet maksatnamamamyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ony düýpli özgertmek ýolunda biziň şu günki we ertirki maksatlarymyzy kesgitleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda saglygy berkitmek üçin sport çäreleri dowamly geçilýär. Hormatly Prezidentimiz: “Biz ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda geljekde hem giň gerimli işleri amala aşyrýarys” diýip belläp geçýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap, ýurdumyzda bedenterbiýe we sporta aýratyn üns berýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyz ediji Hormatly Prezidentimiz adam we onuň saglygy, abadançylygy ugrundaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenistanyň tutuş ilatymyza işjeň dynç alyş üçin giň mümkinçilikleri açýan “Bedenterbiýe we sprot hakynda” kanunyň kabul edilmegi döwletimiziň halkyň saglygy hakynda edýän aladasynyň ýene bir subutnamasydyr.

“Biziň iň gymmatly baýlygymyz adamlaryň jan saglygydyr” diýip belleýän Liderimiziň hut özüniň gatnaşmagynda we ýolbaşçylygynda “Saglyk” döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzda adam ömrüni uzaltmagy üpjün etmek üçin, sagdyn durmuş ýörelgesini ýola goýmak babatynda häzirki döwürde paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap lukmançylyk edaralary, dynç alyş öýleri, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümliklerini peýdalanmak arkaly zerur dermanlyk serişdelerini taýýarlaýan dermanhana guruldy. Ýurdumyzda häzirki döwürde gurulýan umumy bilim berýän mekdepleriň, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň döwrebap türgenleşik enjamlary bolan sport zallary, basketbol, wolleýbol meýdançalary, ýüzülýän howuzlary tenis kortlary üpjün edilendir. Bu bolsa ýurdumyzda adamyň iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar eden döwletimiziň ynsan saglygy hakyndaky edýän aladasynyň aýdyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda geçirilýän sport çäreleri ilat arasynda giň goldawa eýe boldy. Oňa mekdep okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleri, ähli welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň zähmetkeşleri işjeň gatnaşýarlar. Şol sanda biziň institutymyzda hem dowamly birnäçe sport çäreleri geçirilýär. Ol çärelere Türkmensitanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutymyzyň mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň gysga döwrüň içinde asyrlara barabar durmuşa geçirýän uly işleriniň, Watanymyzy ýokary depginde ösdürmek babatynda edýän tagallalarynyň, il-ýurdumyzyň şöhratyny mundan beýläk hem arşa götermek ugrunda alyp barýan syýasatynyň rowaç almagyny talyp ýüregimden arzuw edýärin.

.

Azadow Nurmyrat,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara
hukugy fakultetiniň I ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok