Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugy akademiýasynyň arasynda “tegelek stol” maslahaty geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugy akademiýasynyň arasynda “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Maslahat iňlis-türkmen dillerinde geçirilip, oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýew, Diplomatik gullugy akademiýasynyň direktory Muhammad Wasif, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Çynar Rüstemowa, şeýle-de terjimeçi hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Maýa Orazowa gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen öz ýokary okuw jaýlary, olaryň taýýarlaýan hünärmenleri we okadylyş aýratynlyklary barada tanyşdyrdylar. Şeýle-de maslahatda iki ýokary okuw jaýynyň hyzmatdaşlyklary, türkmen-pakistan gatnaşyklary we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy barada hem çykyş edildi. Maslahatyň gidişinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işleri boýunça prorektory Begenç Mätliýew iki bilim edaralarynyň arasynda gol çekilen Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gerimini barha artdyrmak boýunça aşakdaky käbir teklipleri orta atdy. Ol teklipler parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk syýasaty, döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri, halkara gatnaşyklarynyň energetika, ulag, ekologiýa ýaly beýleki derwaýys meseleleri boýunça professor-mugallymlaryň ylmy makalalaryny ýurtlarymyzyň ylmy neşirlerinde çap etmek, we şol derwaýys ugurlar boýunça bilelikdäki ylmy-amaly maslhatlary geçirmek, talyplar üçin uzak aralykdan okuw sapagyny gurnamakdan ybarat.
Maslahatyň ahyrynda pakistan tarapyndan gatnaşyjylar türkmen halkyny ýetip gelýän Bitaraplyk baýramynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýüreklerinden gutladylar we halkymyza mundan beýlek-de ösüşleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek we ösdürmek, dünýäde parahatçylygy gorap saklamak ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bahbitli beýik işlerinde uly rowaçlyklary arzuw etdiler.
Mähriban Hudaýgulyýewa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler