Ýurduň parahatçylygyny we ösüşini üpjün etmekde ylymyň ähmiýeti örän uludyr. Kämil ylyma eýe bolan jemgyýet hemişe asuda, parahat ýaşaýar. Bu jemgyýet elmydama ösüşiň belent basgançaklaryna tarap hemişe öňe gidýär. Ylymyň bar ýerinde hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklar höküm sürýär. Çünki, ylym – halkara gatnaşyklarynyň ösüş guraly. Ylmyň kämilleşmegi bilen jemgyýet hem kämilleşýär.
Halkara giňişliginde 10-njy noýabr “Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni” hökmünde yglan edilip, her ýyl bu baýramçylyk uly dabara bilen bellenilip geçirilýär. Bu bolsa adamzadyň durmuşynda ylymyň zerurlygyny ardyrmakda köpçüligiň ünsüni özüne çekmek bilen onuň bütindünýäde tutýan ornunyň ýokarydygyny görkezýär. Bu halkara gününiň bellenilmeginiň esasy maksady ylmy we tehnologiki ösüşleri jemgyýetiň peýdasyna gönükdirmek şeýle hem, parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine ulanmak bilen bir hatarda parahatçylyk we ösüş ugrundaky milli we halkara borçnamalaryň ähmiýetini düşündirmekden ybarat bolup durýar.
1999-njy ýylda Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde geçirilen Bütindünýä ylymlar maslahatynda ylym bilen jemgyýetiň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň zerurlygy beýan edilýär. Geçirilen maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä ylymlar güni resmi ýagdaýda yglan edilýär. 2002-nji ýylda noýabr aýynyň 10-ynda ilkinji gezek “Parahatçylyk we ösüş üçin Bütindünýä ylymlar güni” ady bilen dünýäniň ençeme döwletlerinde bellenilip, häzirki wagtda hem bellenilmeginiň ähmiýetini ýitirmän gelýär.
.
Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler