Mälim bolşy ýaly daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. “Türkmenistan bitaraplygyň –mekany” ýylymyzda hem bu ugurda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.
Bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda esasan hem ýurdumyzda ilatly ýerleriň köpelýändigini şeýle-de ulag kommunikasiýalarynyň, senagat düzüminiň ýokary depginler bilen ösýändigi bilen baglylykda ýaşyl zolaklary we tokaýlyklary döretmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy oktýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde 7-nji noýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen “Ýurdumyzda 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde bag ekmek hakyndaky” Karara gol çekdi. Milli Liderimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna doly derejede taýarlyk işlerini görmegi nygtady we daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly garamagyň, onuň gözelligini hem-de baýlyklaryny geljekgi nesiller üçin saklamagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny belledi.
Bilşimiz ýaly her ýylda ýurdumyzda dürli miweli, saýaly we pürli baglaryň, ýylyň dört paslynda hem gök öwsüp otyrýan arça agaçlarynyň dürli görnüşleri ekilýär. Ekilen baglara ideg etmek işleri hem uly depginler bilen alnyp barylýar. Zähmetsöýer halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda şeýle çärelere uly ruhybelentlik bilen işjeň gatnaşýarlar.
Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek ýurdumyzda üns berilýän esasy meseleleriň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň netijesinde ýurdumyzda giň tokaý zolaklary döredildi.
Ekologiýa abandançylygyny üpjün etmek tebigaty gorap saklamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwletimiz iri halkara guramalary, düzümleri bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Ýurdumyz häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli, köptaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Mundan başga-da ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalaryň hem köpüsine goşulandyr.
Halkymyzda irki döwürlerden bäri bag ekmek, idetmek işleri sogap hem haýyrly iş hasaplanýar. Şol sebäpli mundan birnäçe müň ýyl ozal hem, baryp Gorkut ata eýýamy döwürlerinde bag barada olary köpeltmek barada birnäçe aýtgylar, pähimler, parasatly sözler döräpdir. Hemmämize mälim bolan Gorkut atanyň “Bir nahal ekseň, ömriň baky”, ”Bir şahany döwdigiň, eliňi ýa aýagyňy döwdigiňdir” ýaly bag barada aýdan pähimleri muňa şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda hem bag barada birnäçe paýhasly sözler, pähimler ýerleşdirilipdir: “Agaç barly bolsa, başy aşak”, “Agaç bolan ýerde pudak synar”, “Agaç garrar, guş pudagyna bir gonar”, ”Agaç gatysy soky bolar”, “Agaç iýmişinden belli, adam kylmyşyndan”, “Agaç miwesinden belli, adam hilesinden”, “Agaç tutan ýeriňden döwülmez”, “Bag-barsyz bolmaz, at-timarsyz”, “ Bag- ekeniňki, ýap-çekeniňki”, Bag aýdypdyr: “Bak maňa, bakaýyn saňa”, “Bagy- bagban, sürüni çopan iýer”, “Bagym bar, barym bar”. Bu aýtgylary we atalar sözlerini okanymyzda baglaryň adam durmuşynda nähili orun tutýandygyna düşünip bolýar.
Ýurdumyzyň geljek nesilleri üçin şeýle uly aladalar edýän edýän, dünýäde alnyp barylýan ekologik abadançylygy ugrundaky işlere uly goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun alyp barýan il bähbitli bütin adamzat ähmiýetli döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Seýli ARYŞOW ,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler