Sportuň iň giňden ýaýran görnüşi bolan şaşka oýny gyzykly sport görnüşleriniň biridir. Şaşka gyzykly we tolgundyryjy tagta oýny hasaplanýar. Ol adamyň saglygyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýadawlygyň aýrylmagyna, dartgynlylygyň gowşamagyna, kelle beýnisiniň tiz işlemegine öz onyn täsirini ýetirýär. Şaşka oýnan wagty adamyň kelle beýnisindäki damarlary giňelip, gan aýlanşygy kadalaşýar. Şonuň üçin hem döwlet gullukçylary işinden sypyndygy şaşka oýnanyny kem görmeýär. Biz hem şaşka barada gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.
- Sportuň gyzykly görnüşi bolan Şaşka oýuny gadymy döwürlerden bäri meşhur oýunlaryň biri hasaplanylýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, onuň ilkinji Gadymy Müsürde ýüze çykandygy barada subutnamalar ýüze çykaryldy.
- Ylmy barlagçylar şaşka oýnunyň Alkirk oýnundan (Mawritaniýada) dörän bolsa gerek diýip çaklaýarlar. Mawritaniýada ýüze çykan bu oýnuň her tarapynda 12 çöp ulanylyp, ol bir düzgüne esaslanýardy. Garşydaşyň çöpüni almak üçin onuň üstünden “bökmeli”.
- Ispaniýada 1591-nji ýylda şaşka baradaky ilkinji kitap neşir edildi. Ýöne ondan öň hem 1547-nji ýylda bu ýerde şaşka oýnuna bagyşlanan işleriň bolandygy barada maglumat bar. Emma bu kitap näbelli sebäplere görä ýitipdir.
- Şaşka boýunça ilkinji çempionat 1847-nji ýylda geçirildi. Şondan bäri bu sportda ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.
- Şaşkada küştden tapawutlylykda, güýmenjeleri gadagan etmezlige rugsat berilýär. Ýagny onda birnäçe düzgün bozulmalara rugsat berilýär.
- Şaşka oýnamaga bolan ukyplylyk rysar biliminiň möhüm bölegi bolupdyr.
- Şaşka oýnunda iň güýçli şäher hökmünde Moskwa hasaplanylýar. Moskwadaky bazarlaryň biri yzygiderli şaşka janköýerleriniň ýygnanýan ýeri hasaplanylýar. Gyzykly tarapy, şular ýaly oýunlar elmydama pul üçin oýnalýar. Wagtyň geçmegi bilen gizlin ulanylýan tilsimleri gizli saklamak üçin her dürli hileleri peýdalanýan oýunçylar ýüze çykyp başlady.
Azym ÖWEZOW,
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
mugallymy.
Teswirler