Dünýäniň iň gowy uniwersitetleri

Häzirki wagtda 2021-nji ýyl boýunça “Times Higher Education” edarasynyň sanawynda dünýäniň iň gowy 500 uniwersitetleriniň “okatmak, ylmy-barlag we halkara dünýägaraýyş” ýaly ugurlar boýunça sanawy taýýarlandy. Ýagny, bu sanawa laýyklykda ilkinji 10-lygy ABŞ-dan 8, Angliýadan 2 uniwersitet eýeleýär. Mundan başga-da, üstümizdäki ýylda Angliýanyň “Oxford” uniwersiteti sanawda 5-nji gezek iň gowy uniwersitetleriň hatarynda saýlanan bolsa, ABŞ-daky Stanford uniwersiteti ikinji we Garward uniwersiteti bolsa üçünji orny eýeledi.
Sanawa laýyklykda, öňdäki orunlary eýelän ýurtlaryň we birnäçe sany ýokary okuw mekdepleriniň sanawa goşulandygy görmek bolýar.
ABŞ – 106 uniwersitet
Angliýa – 60 uniwersitet
Germaniýa – 41 uniwersitet
Awstraliýa – 28 uniwersitet
Italiýa – 26 uniwersitet
Hytaý – 22 uniwersitet
Kanada – 18 uniwersitet
Fransiýa – 17 uniwersitet
Niderlandlar – 13 uniwersitet
Russiýa – 7 uniwersitet
Ispaniýa – 7 uniwersitet
Daniýa – 6 uniwersitet
Saud Arabystany – 3 uniwersitet
Ysraýyl – 3 uniwersitet
Eýran – 3 uniwersitet
Türkiýe – 2 uniwersitet
Gresiýa – 2 uniwersitet
Müsür – 2 uniwersitet
Braziliýa – 2 uniwersitet
Hindistan – 1 uniwersitet
Häzirki wagtda ýurduň 106 uniwersiteti iň gowy 500 uniwersitetiň hatarynda bolup, şol bir wagtda ABŞ-nyň uniwersitetleri ilkinji 10-lugyň 8-ni eýeleýär. Şeýlelikde, bu ugurda häzirki wagtda ABŞ-nyň üstünligine ýetip bilen netijeli başga ýurt ýok.

Babaýew BEGENDIK,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Mekan

Ýaponiýadan ýokmyka ýekeje-de?