Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýany we daşky gurşawy goramak üçin ägirt uly giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle hem, daşky gurşawy gorap saklamakda we ekologiýany gowulandyrmakda peýdaly bolan tokaýlaşdyrmak işlerine aýratyn ähmiýet berilýär, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu babatda « Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», « Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasy, Türkmenistanyň milli Tokaý maksatnamasy we beýleki degişli hukuk namalary kabul edildi. Şeýle hem, hemmämize mälim bolşy ýaly, bag ekmek işleriň iň asyllylarynyň biridir. Bag daşky gurşawa oňyn täsirini ýetirýär. Agaçlaryň kislorod bölüp çykarmakdan we hapa gazlary özüne siňdirmekden başga-da, ençeme peýdasy bar. Agaçlaryň sanynyň artmagy howanyň ýylamagyna garşy göreşmekde ähmiýeti uludyr. Baglar adamyň saglygyna peýdaly täsirini ýetirýär. Olar ruhy ýadawlygyň aýrylmagyna ýardam edýär. Alymlaryň geçiren barlagynyň netijesine görä, bagy-bossanlyga bürenen ýerinde işleýänler agaçlaryň az ýerinde işleýänlere garanyňda az keselleýärler. Agaçlar durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Olar tebigatda oňyn ýaşaýyş gurşawyny emele getirmek bilen, adamlaryň durmuşyny gözelleşdirýärler. Döwletimizde tokaý zolaklarynyň gerimi barha giňeldilýär. Her ýyl saýaly baglaryň hem-de miweli agaçlaryň örän köp sanlysy oturdylýar. Köpçülikleýin bag ekmek ýaly jemgyýetçilik taýdan bähbitli ýörelge ýaşlarda ekologiýa medeniýetiniň ösmegine, ýurdumyzda ekologiýa taýdan amatly daşky gurşawyň döremegine itergi berýär. Paýtagtymyzda, welaýatlarda we etraplarda döredilýän tokaý zolaklary şol künjekleri diňe bir tebigy taýdan gözelleşdirmän, eýsem amatly howa ýagdaýyny hem döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ählumumy abadançylyga, durnukly ösüşiň bähbidine goşýan saldamly goşandydyr. Şeýlelikde, bu işlerde diňe bir ýurdumyzyň öz çäginde däl, eýsem sebitiň we dünýäniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak meselesiniň iň bir wajyp, örän derwaýyslygyndan ugur alýar.
Garaýewa OGULMAÝSA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Teswirler