Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp, BMG-niň Terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde özara hereketleri pugtalandyrmak bilen birlikde sebit hem-de halkara howpsuzlygynyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň terrorçylyk, ekstremizm, serhetüsti jenaýatçylyk, adam söwdasy bilen bir hatarda, sebit hem-de halkara howpsuzlygyň umumy wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça BMG-niň alyp barýan işlerine gatnaşmaga berk ygrarlylygy babatda ýöredýän daşary syýasy ugruna ýokary baha berildi.
Taraplar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçilikleriniň ulanylmagy bilen durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçdiler. Takyk alnan sebit babatda BMG-niň Terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasynyň uýgunlaşdyrylmagy üçin esas goýan 2011-nji ýylyň Aşgabat Jarnamasynyň we Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi. Türkmen tarapynyň öňe süren BMG-niň Baş Assambleýasynyň “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähmiýeti” atly Kararnamasynyň taslamasynyň işlenilip düzülmegi bilen bir hatarda, öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň ulanylmagyna aýratyn üns berildi.
Taraplar Türkmenistanyň geostrategik ýerleşişiniň aýratynlygyny nygtamak bilen, terrorçylygyň ýüze çykmagynyň toplumlaýyn sebäpleriniň öwrenilmegi, öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi üçin bilermenlik başarnyklarynyň öz wagtynda alşylmagy bilen bir hatarda, uzak möhletleýin esasda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Taraplar maglumat howpsuzlygynyň meseleleri we hyzmatdaşlygyň ýaşlar bilen bagly ugruny ara alyp maslahatlaşmak bilen, BMG-niň howandarlygynda maglumat giňişliginde howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça köpugurly hukuk gurallarynyň kabul edilmegine ünsi jemlediler.
Leýla Süleýmanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU–nyň talyby.
Teswirler