«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi.

Milli «Ak bugdaý» muzeýinde ýaýbaňlandyrylan keçe senedine bagyşlanan bu bäsleşigiň maksady milli mirasymyzy ösdürmekden, öýlerimiziň bezegi bolan türkmen keçeleriniň ajaýyp nusgalaryny has-da kämilleşdirmekden, milli el işlerimizi açyp görkezmekden, ýaşlarda zähmet terbiýesini ösdürmekden, milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan miras galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmakdan ybarat boldy.

Bäsleşigiň ilkinji şertlerine laýyklykda bäsdeşler özlerini tanyşdyryp, keçe bilen bagly gadymy usullary ulanmak arkaly, türkmen milli keçesini taýýarlamak işleriniň ýüň saýlamak, saýmak, boýamak, daramak, pişge ýasamak, keçe gamyşyny dokamak, keçe güllemek, keçe basmak ýaly inçe tilsimleri barada düşündiriş berdiler.

Bäsleşigiň ikinji şertinde zenanlar gadymy milli nagyşlary: «ak tüýnük», «gyzyl tüýnük», «gözenek», «saýlan», «gülýaýdy», «sekiz goçak», «gelin barmak», «gapyrga», «öküz oňurga», «hindi goçak», «içýan agzy», «tazy guýruk», «barmak» we şular ýaly onlarça nusgalary salyp, keçe güllemek, gülleriň atlarynyň berýän manysyny açyp görkezmek arkaly bäsleşdiler.

Bäsleşigiň üçünji şertinde zenanlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gözel tebigatyny suratlandyrýan täze nagyşly keçeleri güllediler we olaryň taýýar görnüşlerini nusga hökmünde görkezdiler. Şeýle hem bäsdeşler halkymyzyň mirasyndan keçe bilen bagly gadymy rowaýatlary, taryhy maglumatlary, yrymlary, goşgudyr gazallary, aýdyşyklary ussatlyk bilen beýan etdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda onuň eminlerine ýeňijilerini saýlamak ýeňil düşmedi. Netijede, birinji baýrakly orna Ak bugdaý etrabynyň keçe ussady Güljemal Annaberdiýewa, ikinji orna bolsa Bäherden etrabyndan gelen keçeçi zenan Gurbangözel Amanmyradowa mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine ony guraýjylar tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşikde ýeňiji bolanlar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk aldylar.

Ogultäç Nurýagdyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok