Döwlet daşary ykdysady iş banky raýatlara «Milli VISA kartyny» hödürleýär

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky size VISA halkara töleg ulgamy bilen bilelikde ulanyşa girizilen «Milli VISA kartyny» hödürleýär.

Kartyň şu mümkinçiliklerinden, ýagny:

— halkara çip arkaly amallaryň has-da ygtybarlylygyny gazanmak;

— tölegleriň çalt geçýän galtaşyksyz tilsimatlaryndan peýdalanmak;

— elektron söwda modulynyň üsti bilen internet arkaly söwda etmek;

— satyn alan harytlaryňyz üçin tölegleri söwda we hyzmat ediş nokatlarynda amala aşyrmak;

— kartyň hasabyndaky pul serişdeleriniň hereketini «SMS — habarnama» we «Balans soragnamasy» arkaly görüp bilmek;

— pul serişdeleriňiziň howpsuzlygy üçin «SMS — habarnama» arkaly zerur bolan halatynda öz kartyňyzyň hereketini özbaşdak togtatmak ýa-da kartyňyzy işjeň ýagdaýyna getirmek;

— bankomatlaryň üsti bilen nagt pul almak;

— pul serişdeleriňiziň galyndysyna 5 göterim ýyllyk girdeji almak we başga-da ençeme amatlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýarys!

Öz işewürligiňizi Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen hyzmatdaşlykda ösdüriň!

Salgymyz: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 32-nji jaýy.
Telefon belgileri: 40-64-27; 40-64-28; 40-64-29; 40-64-30; 40-64-31.

(09:00 — 18:00). 40-60-08 (gije-gündiz).

E-mail: tveb@online.tm

www.tfeb.gov.tm

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok