Möwsümiň soňky çapyşygy boldy.

Ýegşenbe güni, Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşygy möwsüminiň ýapylyş dabarasy boldy. Ozal hem güýzki at çapyşygy ýurdumyzyň sebitlerindäki atçylyk sport toplumlarynda yzygiderli geçirildi.

Ir-säherden aýdym sazly çykyşlara uly orun berildi. Ýaryşda ilki üçýaşar atlar 1200 metr aralykda bäsleşdiler. Ondan soňky ýaryş saýlama üçýaşar atlar 1800 metr aralykda bäsleşdiler. Dördünji çapyşykda S.A.Nyýazow
adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli bolan Ülker atly dor bedew toýçy mähelläniň öňünden okdurylyp arzyly pellehana ilkinji gelmegi başardy.

Bäşinji çapyşykda hem atlar degişlilikde 2200 metr aralykda bäsleşdiler. Bu çapyşykda bolsa Ýalkymly diýen at beýleki atlardan saýlanmaklygy başardy. Ýaryşda jemi ýedi çapyşyk geçirildi. Ýeňiji bolanlara ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Oguljennet DURDYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok