Milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

31-nji oktýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabry — milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi Türkmenistanyň ýylýazgysyna döredijilikli özgertmeler eýýamynda Watanymyzyň täze ykbalyna taryhy gün hökmünde girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi.

Maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda milli bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ählumumy we sebitleýin ugurlaryň hem-de onuň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine täsiriniň möhüm meseleleri girizildi.

Bellenilişi ýaly, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, daşary ýurt we ýurdumyzyň telekeçileriniň maýa serişdelerini çekmek üçin amatly şertleri döretmek, möhüm ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen karz serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň banklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere laýyklykda türkmen manadynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak, karzlaryň we ilatyň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar.

Raýatlarymyza hödürlenilýän bank kartlarynyň nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, jemgyýetimize giňden ornaşandygyny bellemeli. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty», «Owerdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredildi.

Mundan başga-da, ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli peýdalanmaklary we olaryň girdejilerini artdyrmaklary üçin depozit bank karty möhüm gural bolup hyzmat edýär. Ol töleg terminallarynyň, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlarynyň kömegi arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge, goýumlaryň galan möçberlerini we internetiň üsti bilen gönükdirilen goýumlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli ýagdaýa görä, ýurdumyzyň kart ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň sany 4382,6 müňe ýetdi, töleg terminallarynyň sany 37,8 müňden gowrak boldy. Şeýlelikde, bank kartlarynyň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 18 göterim artdy.

Mundan başga-da, söwda we hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklary döwrüň ýagdaýyna laýyklykda ýola goýmak maksady bilen, «Elektron täjirçilik» hyzmatlaryny girizmek boýunça ulgamlaýyn işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini artdyrmak boýunça «Halkbank Terminal» hyzmatyny ýola goýdy. Munuň özi häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalarynyň esasynda taýýarlanan mobil tölegler üçin programma üpjünçiligi bolup durýar.

Bu bolsa söwda we hyzmatlar ulgamynda töleg terminallarynyň eýeleri üçin müşderilere sanly hyzmatlary ýetirmek üçin nobatdaky mümkinçilikdir. Şeýle hem ýurdumyzyň karz edaralary «Cash back» hyzmatyny gurady. Ol söwda we hyzmatlar ugry boýunça kesgitli müşderiler toparyna niýetlenendir.

Akmuhammet Annadurdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok