“Mersedes” awtonom sürüjilik aýratynlyklary doly taýýar bolýança ulanyjylaryna açmazlyk kararyna geldi. Bu, Tesla ýaly kompaniýalar üçin gaty oňaýsyz bolup durýar.
Awtonom sürüjilikde öňde bolmak isleýän birnäçe kompaniýa bar. Her bir kompaniýa öz tehnologiýalaryny görkezmek üçin dürli usullary we dürli görnüşleri synap görýär. “Tesla” we “Mersedes” kompaniýalaryň awtonom sürüjilere bolan çemeleşmesi öňdeligi saklaýar.
“Automotive News Europe” metbugatynyň berýän maglumayna görä, Tesla bilen Mersedesiň çemeleşmeleriniň arasyndaky tapawut aýdyň görkezilýär. “Tesla”, smartfonlaryň operasiýa ulgamynyň täzelenmelerine deň mukdarda awtonom aýratynlyk täzelenmelerini goýberýärkä, nemes kompaniýasy müşderilerine tamamlanan önümi hödürlemegi maksat edinýär.
Şeýle hem, Tesla awtonom ulgam täzelenmeleri bilen ulanyjylaryna täze aýratynlyklary açanda ýüze çykyp biljek kynçylyklar üçin jogapkärçilik çekmeýändigini mälim etdi. Amerikanyň awtonom ulag kompaniýasy başlangyç bolansoň, bu çemeleşme olar üçin gaty logiki çözgüt bolup durýar. Şeýlelik bilen, maglumatlary yzygiderli ýygnamak we bu maglumatlary gözden geçirip özlerini kämilleşdirmek mümkinçiligi bar.
Beýleki tarapdan, “Mersedes” onlarça ýyl bäri işleýän kompaniýa. Netijede, Tesla ululygy we ýagdaýy boýunça bir kompaniýa üçin has amatly strategiýa hökmünde tapawutlanýar.
“Tesla”-nyň adaty awtoulag öndürijilerini “Ukli” ulaglaryna gönükdirşi ýaly, adaty öndürijiler hökmany suratda işlemek üçin öz stillerini görkezerler.
Baky BAKYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
Teswirler